Get Mystery Box with random crypto!

Türkmen hökümetiniň aç-açan tankytçysy, aktiwist Dürsoltan Tag | Azatlyk

Türkmen hökümetiniň aç-açan tankytçysy, aktiwist Dürsoltan Taganowa 29-njy sentýabrda Türkiýäniň Stambul şäherindäki deportasiýa merkezinden boşadyldy. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri habar berýär.

Düýbi Moskwada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasy 27-nji sentýabrda türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowanyň Stambulda türk häkimiýetleri tarapyndan saklanandygyny we onuň “Selim paşa” deportasiýa merkezine ýerleşdirilendigini habar berdi.

26-njy sentýabrda irden sagat 5-de Taganowa öýünde ýok wagty, onuň kireýine ýaşaýan kwartirasyna iki polisiýa işgäri barypdyr. Gapyny açan adamlara polisiýa işgärleri Taganowanyň polisiýa bölümine barmalydygyny we käbir resminamalara gol çekmelidigini tabşyrypdyr.

Munuň yz ýany, aktiwist özüne Türkmenistana deportasiýa edilmek howpunyň abanýandygyny wideo ýazgy arkaly mälim etdi we türkmen režimine garşy hereket edýän beýleki aktiwistleri “gorkmazlyga” çagyrdy.