Get Mystery Box with random crypto!

Balkanda reýd geçirilip, nikasyz jynsy gatnaşykda bolanlara 10 | Azatlyk

Balkanda reýd geçirilip, nikasyz jynsy gatnaşykda bolanlara 10 müň manat jerime salynýar

Balkan welaýatynyň polisiýasy raýatlaryň ahlak meselesine gözegçiligi güýçlendirip, nikasyz jynsy gatnaşykda bolýanlara we ten söwdasyny edýänlere garşy reýdleri geçirdi. Azatlyk Radiosynyň Balkanyň polisiýa edarasyndaky çeşmesi munuň täze içeri işler ministriniň "mukaddes oraza aýynda raýatlaryň ahlak terbiýesine we spirtli içgileri içmegine gözegçiligi güýçlendirmek" baradaky tabşyrygy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

"Geçen dynç günleri Türkmenbaşy şäher polisiýasynyň işgärleri oraza aýy mynasybetli üç myhmanhanada we ten söwdasynyň amala aşyrylýandygy üçin ozaldan bäri hasapda duran ýerlerde reýd geçirdiler. Şeýle-de, olar dynç günlerinde şäheriň bazarlarynda we dükanlarynda spirtli içgileri satdyrmadylar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 13-nji aprelde gürrüň berdi.