Get Mystery Box with random crypto!

Lebap welaýatynyň bazarlarynda käbir gök-bakja önümleriniň bah | Azatlyk

Lebap welaýatynyň bazarlarynda käbir gök-bakja önümleriniň bahasy ýokarlanýar

Söwdagärler munuň sebäplerini olaryň importynyň peselmegi we ýerli önümçiliginiň ýeterlik däldigi bilen düşündirýärler. Bu maglumat türkmen prezidentiniň söwda toplumy boýunça wise-premýere berk käýinç berip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberlerini azaltmagy tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

"Häzirki wagtda azyk önümleri ýeterlik däl. Özümizde öndürilýän azyk önümleri daşary ýurtlara eksport edilýär. Mysal üçin, Çärjew etrabynda 300 gektar meýdany bolan ýyladyşhanada öndürilýän pomidor Owganystana we Gyrgyzystana eksport edilýär. Halka pomidor ýetmeýär. Bu bolsa, harytlaryň gymmatlamagyna getirýär. Häzir pomidoryň bir kilogramy 18, bulgar burçyň bir kilogramy 17 manatdan satylýar. Kartoşkanyň bahasy 8-10 manada ýetdi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň martyň ahyrynda beren maglumatlaryna görä, sebitde bir kilogram pomidoryň bahasy 12-13 manada barabardy.