Get Mystery Box with random crypto!

Mary: Soňky jaň çykdajylary ene-atalary günsaýyn surnukdyrýar | Azatlyk

Mary: Soňky jaň çykdajylary ene-atalary günsaýyn surnukdyrýar

Türkmenistanda şu ýyl orta mekdepleri tamamlaýan okuwçylaryň soňky jaň dabarasyna görýän taýýarlyklary dowam edýär. Mary welaýatynyň mekdeplerinde uçurymlar bu taýýarlyklar üçin müňlerçe manat sarp etmeli bolýarlar. Bu ýagdaý, ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklar sebäpli onsuzam gurpdan düşen eli ýuka maşgalalary aljyradyp, olaryň aladalaryny artdyrýar.

"Uçurymlaryň çykdajylary gün-günden köpelýär. Her gün bir zat üçin pul ýygnalýar ýa-da başga bir zady satyn almaly bolýar. Bu çykdajylar ene-atalary gaýga goýýar" diýip, maryly ene anonimlik şertinde 11-nji maýda gürrüň berdi.