Get Mystery Box with random crypto!

Maryda güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilýär Bu işler | Azatlyk

Maryda güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilýär

Bu işlere jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri köpçülikleýin gatnaşdyrylýar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, býujet işgärlerine ýowarlaryň geçiriljekdigi barada öňünden bildiriş edilmedi. Şeýle-de, häkimiýetler, şol sanda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary güýçli depginde geçirilýän arassaçylyk işleriniň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler.

Olar diňe bu işleriň 18-nji maýda belleniljek Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.