Get Mystery Box with random crypto!

Ýene 490 etniki gazak Türkmenistany hemişelik terk edip, Gazag | Azatlyk

Ýene 490 etniki gazak Türkmenistany hemişelik terk edip, Gazagystana göçýär

490 türkmenistanly etniki gazak iýunyň başynda Türkmenistany terk edip, Gazagystana hemişelik göçüp barar. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri “Türkmendemirýollary” agentligine salgylanyp, habar berýär.

Türkmen neşirine görä, bu çäre Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň haýyşy esasynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 11-nji maýda kabul eden kararyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.