Get Mystery Box with random crypto!

Azatlygyň habarlaryndan soň, mekdeplerde mejbury pul toplamak | Azatlyk

Azatlygyň habarlaryndan soň, mekdeplerde mejbury pul toplamak togtadyldy, barlag başlandy

Azatlygyň mekdepleriň abatlaýyş işleri üçin okuwçylardan mejbury ýygnalýan pullar, bularyň ene-atalara ýetirýän agramy baradaky habarlaryndan soň, paýtagtyň orta mekdeplerinde barlaglar başlandy we maliýe serişdelerini toplamak işleri togtadyldy.

Habarçylarymyz okuw ýyly ahyrlaýan wagtynda mekdebi abatlamak üçin kiçi klas okuwçylaryň 100 manat möçberinde, uçurym boljak uly klas okuwçylaryň hem 300 manat möçberinde synp ýolbaşçylaryna pul bermäge mejbur edilýändigi barada maglumat beripdiler.

“Azatlykda çykan habarlardan soň, Aşgabadyň mekdeplerine Bilim ministrliginiň, Prokuraturanyň işgärlerinden düzülen toparlar aýlanyp başlady. Öňünden duýdurylmazdan amal edilýän bu barlaglar eýýäm paýtagtyň ençeme mekdebinde geçirildi. Mundan howatyr edip, beýleki mekdepleriň ýolbaşçylary eýýäm okuwçylardan pul toplamak işlerini bes etdiler” diýip, bu ýagdaýlary içginden yzarlaýan paýtagtly ene-atalaryň biri aýtdy.