Get Mystery Box with random crypto!

Türkmenabatlylar prezidentiň saparyna we şäheriň durmuşynyň ‘d | Azatlyk

Türkmenabatlylar prezidentiň saparyna we şäheriň durmuşynyň ‘durmagyna’ taýýarlanýar

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda, prezidentiň mümkin saparyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu ýagdaýlary içginden yzarlaýan ýerli habarçymyz mejbury ýowarlara, dynç günlerine hem garamazdan, ýüzlerçe býujet işgärleriniň-de çekilýändigini gürrüň berdi. Bu aralykda türkmenabatlylar, bu hili saparlarda adatça bolşy ýaly, şäheriň gündelik durmuşynyň doly togtap galmagyna eýýäm häzirden taýýarlanýarlar.

“18-nji maý [Konstitusiýa we Baýdak güni] ýurtda resmi baýramçylyk bolsa-da, Türkmenabadyň tas ähli edara-kärhanalarynda mejbury ýowarlar geçirildi. Eýýäm birnäçe günden bäri şäheriň köçeleri oňarylýar, baglar ekilýär, ýollaryň ugrundaky jaýlar täzeden reňklenýär, haşal otlar çapylýar. Mundan başga-da, ýollaryň gabadyndaky demir jähekler, sütünler esgi bilen ýuwulýar. Bu işlere kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri bilen birlikde, býujetçiler hem gatnaşdyrylýar”