Get Mystery Box with random crypto!

Mary öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylamaga taý | Azatlyk

Mary öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylamaga taýynlanýar

Türkmenistanyň Mary welaýaty ýurduň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine garaşýar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylaryna we çeşmelerine görä, welaýat häkimiýetleri Berdimuhamedowy dabaraly ýagdaýda garşylamaga taýýarlanýar.

Marynyň häkimiýetleri häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowyň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowy dabaraly ýagdaýda garşylamaga taýynlanýar.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, Berdimuhamedowyň gelmegine taýýarlyk görülip, tutuş sebitde ýowarlar geçirilýär, binalar reňklenýär we abatlanýar, köçeler arassalanýar. Mary şäherinde taýynlyklar howa menzilinden we onuň daş töwereginden başlandy.

Öňküsi ýaly, ýowarlara býujet guramalarynyň işgärleri gatnaşdyrylýar. Käbir ýagdaýlarda kärhanalaryň we edaralaryň işgärleri çykdajy edip, özlerine derek hakyna tutulan işgärleri ibermäge mejbur bolýarlar.