Get Mystery Box with random crypto!

Häkimiýetler garaşsyz habar yzarlamazlyk şerti bilen ýerli ila | Azatlyk

Häkimiýetler garaşsyz habar yzarlamazlyk şerti bilen ýerli ilata öý internetini hödürleýär

Türkmen häkimiýetleri ýurduň gündogar welaýatynda ilatdan Azatlyk Radiosynyň websaýtyna girmezlik, döwlet syýasatyna garşy wagyzlary diňlemezlik ýaly talaplar bilen täze internet mümkinçiliklerini hödürleýär. “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy welaýatyň çäginde ozal internet torunda birikdirilmedik 10 müňden gowrak täze hojalyga öý internetini wada berýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň aragatnaşyk ulgamyndaky çeşmelerinden alan maglumatlaryna görä, sebitiň çäginde 10 müň töweregi hojalyga öý internetini birikdirmek göz öňünde tutulýar. Maglumata görä, her etrapdan, çen bilen 1000 töweregi hojalyk täze hyzmatdan peýdalanar.

Bu aralykda, aragatnaşyk ulgamyndaky ýerli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, öýe internet çekdirmekçi bolýan raýatlardan dört sany dilhatyna we düşündirişe gol çekmek talap edilýär.