Get Mystery Box with random crypto!

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ulagy. Illýustrasiýa su | Azatlyk

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ulagy. Illýustrasiýa suraty.

Türkmen häkimiýetleriniň ýaşyl döwlet belgili awtoulaglara garşy alyp barýan kampaniýasy Lebap welaýatyna hem ýetdi. Mundan öň, Azatlygyň habarçylary Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) Aşgabatda we Balkanyň dolandyryş merkezi Balkanabatda ýaşyl döwlet belgili ulaglary köpçülikleýin saklap, jerime duralgasyna äkidýändigi barada habar beripdiler. Çeşmelerimiz şonda ýaşyl döwlet belgili ulaglaryň şu wagta çenli ýol polisiýasynyň "aýratyn eglişiginden" peýdalanyp gelendiklerini belläpdiler.

“Soňky günlerden bäri Lebapda ýol polisiýasy ýaşyl belgili ulaglary saklap, olary içgin barlaýar. Eger-de ulag döwlete däl-de, hususy kärhana degişli bolsa, ol dessine polisiýanyň jerime duralgasyna äkidilýär. Polisiýa sebäbini düşündirmeýär we bu hereketlerini delillendirip biljek hiç hili dokument hödürlemeýär. Türkmenabadyň jerime duralgasyna eýýäm onlarça ulag eltildi” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri aýtdy.