Get Mystery Box with random crypto!

Öňki prezidentiň Lebaba gelmegine garaşylýar Öňümizdäki günle | Azatlyk

Öňki prezidentiň Lebaba gelmegine garaşylýar

Öňümizdäki günleriň dowamynda Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezine sapar etmegine garaşylýar. Munuň bilen baglylykda, Türkmenabatda prezidentiň geçjek ýollarynyň ugurlarynda, sol sanda döwlet işgärleriniň hem çekilmegi bilen, mejbury arassaçylyk işleri, ýowarlar geçirilýär.

“Türkmenabadyň aeroportundan uzaýan ‘Arkadag’ köçesiniň ugry tas her gün diýen ýaly arassalanýar, ýuwulýar. Ýerli resmiler ýoluň ugrunda gumuň görünmeli däldigini aýdyp, asfalt köçäniň iki tarapyna çagyl daşlaryny düşedýärler. Şäheriň merkezinde-de, ýagny esasy ýoly kesip geçýän köçeleriň boýundaky aryklaryň haşal otlary aýrylýar, gamyşlary çapylýar. Kranlar arkaly yşyklandyryş sütünleriniň çyralaryna çenli esgi bilen ýuwulýar. Diwarlar ak reňke boýalýar” diýip, bu mejbury ýowarlara çekilen býujetçileriň biri 2-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.