Get Mystery Box with random crypto!

Türkmenistanda maska düzgüni resmi taýdan gowşadyldy, emma ony | Azatlyk

Türkmenistanda maska düzgüni resmi taýdan gowşadyldy, emma ony dakynmak talaby saklanýar

Türkmenistanda, tomsuň başyndan maska dakynmak talabynyň bölekleýin ýatyrylmagyna garaşylypdy. Resmi taýdan yglan edilen düzgünlere görä, 1-nji iýundan başlap ilat diňe jemgyýetçilik ulaglarynda we edaralarda maska dakynmaly bolar diýlipdi. Emma ilat köçelerde maska dakynmaga mejbur bolýar, sebäbi polisiýa jerime salmagyny dowam etdirýär.

Aşgabatda ýaşaýjylar köpçülik ýerlerinde maska dakynmagyny dowam etdirýärler. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, 2-nji iýunda paýtagtyň ähli köpçülik ýerlerinde ýaşaýjylaryň köpüsi maska dakynmagy dowam etdiripdir. Köçelerde maskasyz adamlar hem bolupdyr, emma olar köplenç polisiýanyň gözüne düşüp, jerimä sezewar edilipdir.

"Şu gün hemmeler maskaly ýöredi. Polisiýa işgärleri Oguzhan köçesiniň täze böleginde maskasyz adamlara jerime saldy" -diýip, Azatlygyň habarçysy gören ýagdaýlarynyň biri barada gürrüň berdi.