Get Mystery Box with random crypto!

Kreml: Serdar Berdimuhamedow ‘ýakyn günlerde’ Moskwada Putin b | Azatlyk

Kreml: Serdar Berdimuhamedow ‘ýakyn günlerde’ Moskwada Putin bilen duşuşar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde rus prezidenti Wladimir Putin bilen ýurtbaştutany hökmünde özüniň ilkinji duşuşygyny geçirer. Bu barada Russiýanyň TASS gullugy Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Duşuşygyň anyk senesi barada maglumat berilmeýär. Bu maglumat dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda we döwletiň gözegçiligindäki habar serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.

Ýekşenbe güni Peskowdan Putiniň Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýakyn wagtda Moskwada duşuşygynyň meýilleşdirilip-meýilleşdirilmeýändigi soralanda, ol “Hawa, bu [duşuşyk] planlaşdyryldy” diýip, jogap berdi.