Get Mystery Box with random crypto!

Türkmen prezidenti Eýrana sapar edýär Türkmenistanyň preziden | Azatlyk

Türkmen prezidenti Eýrana sapar edýär

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýunda iki günlük resmi sapar bilen Eýrana geler. Bu barada Eýranyň MEHR agentligi ýurduň hökümetiniň metbugat wekiliniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

“Şu gün gije biz Türkmenistanyň prezidentini garşylaýarys” diýip, Bahadori Jahromi aýtdy.

Maglumata görä, sapar Eýranyň prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň çakylygy esasynda amala aşyrylýar.

Saparyň jemleri boýunça ençeme dokumente gol goýulmagyna garaşylýar.

Bu Serdar Berdimuhamedowyň prezident hökmünde Eýrana amala aşyrýan ilkinji sapary bolar.