Get Mystery Box with random crypto!

Marynyň häkimiýetleri ulaglary köçä goýbermän, penjireleri açd | Azatlyk

Marynyň häkimiýetleri ulaglary köçä goýbermän, penjireleri açdyrman, häzirki we öňki prezidentleriň saparyna garaşýar

Mary welaýatynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, gözegçilikler berkedi.

Mary şäheriniň esasy köçeleriniň ugrunda we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirildi. Şeýle-de, iýunyň 16-dan 17-ne geçen gije giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi.

Bu başagaýlyklar, prezident Serdar Berdimuhamedowyň we onuň kakasy Gurbangulynyň sebite etmegine garaşylýan saparyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly.