Get Mystery Box with random crypto!

Marynyň ilatyna 2021-nji ýylyň dekabry üçin un 'paýogy' paýlan | Azatlyk

Marynyň ilatyna 2021-nji ýylyň dekabry üçin un 'paýogy' paýlanýar

Mary welaýatynyň käbir şäherlerinde, etraplarynda we obalarynda döwlet dükanlary ilata 2021-nji ýylyň dekabr aýy üçin un "paýogyny", aradan alty aý geçen soň, şu aýyň 20-lerine paýlap başladylar.

Ýöne ýerli ýaşaýjylar subsidirlenen önümleriň elýeterli bolan dükanlarynda alyjylara hili pes, bitli, ajy unuň satylýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, welaýatyň käbir çetki obalarynyň ýaşaýjylaryna geçen ýylyň oktýabr we noýabr aýlary üçin un "paýogy" heniz hem berilmeýär.