Get Mystery Box with random crypto!

'Jazz töwerekleri' - aşgabatly saz muşdaklary üçin saz gezelen | Azatlyk

'Jazz töwerekleri' - aşgabatly saz muşdaklary üçin saz gezelenji guraldy

Jazz sazynyň ýene bir konserti 8-nji iýulda Aşgabatdaky "Mukamlar köşgünde" geçirildi. "Jazz töwerekleri" atly aýdym-saz çäresi 1930-njy ýyllardan şu güne çenli wagt aralygyna degişli jazz eserlerini öz içine aldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Konsert 1976-1981-nji ýyllarda "Howa hasabaty" (Weather Report) fýuzn toparynyň kompozitory we solisti bolan "iň beýik bas-gitarist we diwana zehin" diýlip tanalýan Žako Pastoriusyň meşhur instrumental kompozisiýalary bilen hem başlandy, hem-de tamamlandy.