Get Mystery Box with random crypto!

Balkanda ýiti çörek gytçylygy Gurban baýramyna kölege saldy T | Azatlyk

Balkanda ýiti çörek gytçylygy Gurban baýramyna kölege saldy

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Gurban baýramynyň ikinji gününde, 10-njy iýulda ýiti çörek gytçylygy emele geldi. Bu gytçylyk döwlet dükanlary bilen bir hatarda, bazarlarda hem ýiti duýuldy. Türkmen halkynyň gündelik we toý saçaklarynyň esasy azyk önümleriniň biri hasaplanýan çöregiň Gurban baýramyndaky gytçylygynyň baýramçylyk şowhunyna ýetiren täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, 10-njy iýulda şäheriň "Kenar" bazarynda we "Aşgabat" hem-de "Deňiz" marketlerinde çörek irden sagat 9 bolmanka satylyp gutardy.

"Iki gün bäri şäherde we şäher eteklerinde çörek uly problema öwrüldi. Döwlet dükanlarynda çörek öň hem çäkli möçberde satylýardy. Ýöne bu gezek, hatda bazarlarda gymmat bahadan çörekleri satýan çörekçileriň öňünde hem uly nobatlar peýda boldy" diýip, ýerli ýaşaýjy 11-nji iýulda gürrüň berdi.