Get Mystery Box with random crypto!

Meniň söýenim gaty köp ... Mysal üçin, tebigat meniň söýgülim. | PCWorld

Meniň söýenim gaty köp ...
Mysal üçin, tebigat meniň söýgülim. Özüniň owadanlygy, joşgunly reňkleri bilen meni hemişe özüne çekýär haýranlygymy hiç wagt gizläp bilemok.
Gar meniň söýgülim, her ýyl gaty küýseýärin. Bu günler kän duşup bilmesem-de, mydama ýüregimde.
Ýagyş hem şeýle, ýöne men ony köplenç görýärin. Biz bilelikde gaty duýgudaş, bir ýere ýygnananymyzda gözlerimiz hiç guramaz.
Meni gün hiç haçan terk etmeýär, şöhleleri bilen günümi yagtylandyrsa ýyllygy bilen meni ysytýar, we bulut çagalyk söýgimdir arzuwlarymyň şeklini alan.
Däli şemal meniň gazaply söýgülim.Mydama başymdan öwsüp durar.
Haýwanlar meniň söýgülim. Guşlar balyklar pişikler itler garynjalar sygyrlar. Adam söýenine zyýan bermek islemez, ýa-da zyýan ýetenini görmek islemez. Wepaly aşyklarymyz bizden mähir isleýär.
Agaçlar güller, ekinler meniň söýgülim. Meni ýaşadan, dem aldyran, doýuran. Elmydama garşylyksyz begendirendir.
Maşgalalarymyz, garyndaşlarymyz, dostlarymyz, mugallymlarymyz, durmuşymyzyň haýsydyr bir pursatynda tanyşlarymyz we ýatdan çykaranlarymyz söýenimiz dälmidir.
Ýurdumyz, milletimiz, topraklarymyz, bu topraklar üçin janyny beren şehitlerimiz elbetde söýgülimiz. Watan üçin ýaşaýan we ölýänlerden öte söýgüli bolup bilermi?
Meniň pikirimçe, söýýän zatlarymyzyň hemmesi söýgülimizdir. Dünýädäki ýeke-täk zat söýgi.
Söýgi bolsa, iň gymmatly duýgymdyr.
Şonuň üçin meniň söýgim gaty köp.
Söýgä ynanýan,Watanyny, durmuşy, agaçlary. tebigaty, haýwanlary adamzady söýýänleriň hemmesine söýgüliler güni gutly bolsun.
Ozan Deniz
.
#tehnopediya
https://www.instagram.com/p/CLP_ecSAWG3/?utm_medium=share_sheet