Get Mystery Box with random crypto!

Maýyplygy bolan adamlar jaý almak üçin 'ýa para bermeli, ýa-da | Azatlyk

Maýyplygy bolan adamlar jaý almak üçin 'ýa para bermeli, ýa-da jaýsyz oturmaly'

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde maýyplygy bolan adamlar döwlet tarapyndan özleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmaýandygyndan we jaý almak üçin duran nobatlarynyň hiç hili öňe süýşmeýändiginden şikaýat edýärler. Şol bir wagtda, olar "häkimiýetlere para beren maýyplaryň nobatda durmazdan, dessine jaý bilen üpjün edilýändiklerini" aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan maýyplygy bolan adamlaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, olar 2016-2018-nji ýyllar aralygynda özleriniň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ýaşaýyş jaýyna mätäçdigi barada häkimlige arza tabşyrypdyrlar. Şondan soňra olaryň şahsy maglumatlary alnyp, atlary jaý üçin nobata duran adamlaryň sanawyna goşulypdyr.

Ýöne maýyplygy bolan adamlar aradan ençeme ýylyň geçendigine garamazdan, häkimligiň ýöredýän bu sanawynda hiç hili öňe gidişligiň ýokdugyny aýdýarlar.