Get Mystery Box with random crypto!

Aşgabatly mekdep okuwçylary bilen daş görnüşleri barada düşünd | Azatlyk

Aşgabatly mekdep okuwçylary bilen daş görnüşleri barada düşündiriş ýygnaklary geçirilýär

Türkmenistanda häkimiýetleriň raýatlaryň daşky görnüşine gözegçiligi bat alýar. Saç reňklemek, saç kesmek, manikýur, botoks we depilýasiýa ýaly kosmetiki hyzmatlara girizilen gadaganlykdan soň geýim talaplary hem has güýçlendirildi. Düşündiriş işleri okuw jaýlarynda hem alnyp barylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdaky soňky wakalar barada habar berýärler.

Aşgabadyň mekdepleriniň okuwçylary moda görä köýnek geýmekden, ýüzüne kosmetika çalmakdan we dyrnaklaryna manikýur etmekden saklanmalydyr. Mekdep okuwçylaryna bu talaplar barada mekdep ýolbaşçylary we bilim işgärleri bilen duşuşyklarda habar berildi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şular ýaly ýygnak ýakynda Berkararlyk etrabynyň we Hitrowka diýilýän ýeriň orta mekdeplerde geçirildi.

"Her 10 günden bir gezek mekdep okuwçylary mejlisler zalyna ýygnanarlar we olar bilen gadaganlyk temasynda düşündiriş işleri alnyp barylar. Olara ýüzüne kosmetika çalma