Get Mystery Box with random crypto!

Çeşme: Türkmen hökümeti aýal-gyzlary ýurtdan çykarmazlyk mesel | Azatlyk

Çeşme: Türkmen hökümeti aýal-gyzlary ýurtdan çykarmazlyk meselesini maslahat edýär

Türkmen häkimiýetleri, ýurtda döwlet derejesinde aýal-gyzlara garşy ozal görlüp-eşidilmedik çäklendirmeleriň girizilýän wagty, zenanlaryň ýurduň daşyna çykmagyny hem doly gadagan etmek meselesini maslahat edýärler. Bu barada Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn biri-birinden garaşsyz ygtybarly iki çeşmesi maglumat berýär.

“Aýal-gyzlary daşary ýurtlara goýbermezlik barada entek doly netijä gelinmedi, emma bu boýunça prezident we ozalky ýurtbaştutanynyň eýeleýän [Milli Geňeşiň Halk Maslahaty palatasynyň] başlygy derejesinde çynlakaý gürrüň edilýär. Deslapky plana görä, ähli zenanlaryň daşary ýurt pasportlaryny ellerinden almak meýilleşdirilýär. Bu düzgün, kadadan çykma hökmünde, döwlet komissiýasy tarapyndan saglyk ýagdaýy boýunça ýurtdan çykmaga rugsatnama alan ýa-da raýatlykdan çykan zenanlara degişli bolmaz” diýip, ozal hem ygtybarly maglumatlary beren Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.