Get Mystery Box with random crypto!

Aşgabatda sürüjilere, hususy taksilere we Ahal belgili ulaglar | Azatlyk

Aşgabatda sürüjilere, hususy taksilere we Ahal belgili ulaglara gözegçilik ýene güýçlendi

Soňky günlerde Aşgabadyň ýol polisiýasy dürli bahanalar bilen, sürüjilere jerime ýazmak we olaryň ulaglaryny polisiýanyň awtoduralgasyna alyp gitmek işlerini batlandyrdy. Şeýle-de, polisiýa hususy taksileri hem nyşana alyp, Aşgabatda hasaba alynmadyk döwlet belgili awtoulaglar üçin hereket çäklendirmelerini ýene-de güýçlendirdi. Bu çäreler Türkmenistanda häkimiýetleriň raýatlara, hususan-da, aýal-gyzlaryň daşky keşbine gözegçiligi ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendiren mahaly möwjeýär.