Get Mystery Box with random crypto!

Türkmenistanda Internet ‘tas doly diýen ýaly öçürildi’ Türkme | Azatlyk

Türkmenistanda Internet ‘tas doly diýen ýaly öçürildi’

Türkmenistanda Internet aragatnaşygynyň tizliginiň düýpli haýallamagy dowam edýär. Ýurtda hatda adaty messenjerlerden hem peýdalanyp bolmaýar. Sebitleriň aragatnaşyk wekilleri Internetiň Aşgabatdan ýörite peseldilýändigini aýdýarlar.

“3-nji maýdan bäri, ýurduň beýleki künjekleri bilen birlikde, Lebapda hem Internet üpjünçiligi tas ýoga geldi. Ýurtda petiklenmedik ýeke-täk IMO messenjeri Internete bir birikýär, bir-de kesilýär. Ol arkaly ugradylan suratlar açylmaýar. Bu ýagdaýlary 200 manat töläp öýlerine degişlilikdäki ýokary tizlikli Interneti çekdirenler hem başdan geçirýärler” diýip, 12-nji maýda Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň biri ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen hökümeti, şol sanda Internet üpjünçiligini-de çäklendirip raýatlarynyň alternatiw maglumat edinmek mümkinçiliklerini, söz azatlygyny çäklendirmekde tankytlanýar.