Get Mystery Box with random crypto!

Aşgabatda öýüne Wi-Fi çekdirenler pes tizlikden şikaýat edýär, | Azatlyk

Aşgabatda öýüne Wi-Fi çekdirenler pes tizlikden şikaýat edýär, ‘Türkmentelekom çäre hödürlemeýär’

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan bir “Türkmentelekom” hünärmeni öýe çekilen internet aragatnaşygynyň haýal tizligine routerleriň sebäp bolýandygyny aýdýar.

Onsuz hem dünýäde iň pes internet tizliginden peýdalanmaga mejbur bolýan türkmenistanly internet ulanyjylary indi birnäçe aý bäri internet tizliginiň uçdantutma pese gaçmagyndan, köpçülikleýin petiklemelerden ejir çekip gelýärler.

“Türkmentelekom” Türkmenistanyň ýeke-täk internet prowaýderi bolup durýar.