Get Mystery Box with random crypto!

‘Soňky jaň’ dabaralary güýçlendirilen gözegçilikde geçirilýär | Azatlyk

‘Soňky jaň’ dabaralary güýçlendirilen gözegçilikde geçirilýär

Bu ýyl Türkmenistanda mekdebi tamamlaýan uçurym ýaşlar “Soňky jaň” dabaralaryny çäklendirilen görnüşde gutlaýarlar. Muňa garamazdan, uçurymlaryň 25-nji maýda bellenilýän bu dabaralara çykarýan çykdajylary, ýurtdaky agyr ykdysady krizisiň arasynda gurpdan düşendigini aýdýan ene-atalara hasam köp agram salýar.

“Türkmenabadyň ähli mekdeplerinde güýçlendirilen gözegçilik ýola goýuldy. Uçurymlara mekdepde geçiriljek ‘Soňky jaň’ dabaralaryndan soň toplanyşyp kafedir restoranlara gitmeli däldigi, oturylyşyk gurnamaly däldigi, şeýle-de giçlik sagat 20-den soň şäheriň köçelerinde görünmeli däldigi tabşyryldy” diýip, türkmenabatly ene-atalaryň biri 24-nji maýda giçlik habarçymyza gürrüň berdi.