Get Mystery Box with random crypto!

Ýerli söwda resmisi: Barlagçylar barlanmasa, korrupsiýa zynjyr | Azatlyk

Ýerli söwda resmisi: Barlagçylar barlanmasa, korrupsiýa zynjyry dowam eder

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi korrupsiýada aýyplanýan onlarça orta derejeli söwda resmisini "aglap toba edýän görnüşde” görkezenden birnäçe hepde soň, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň ýene bir sebitindäki döwlet dükanlarynda barlag-seljeriş işleriniň geçirilýändigini habar berýär.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolýan ýerli dükançylaryň käbiri barlag-seljeriş işleriniň töweregindäki “korrupsiýa zynjyryndan” şikaýat edip, “barlagçylaryň hem barlanylmalydygyny” aýdýarlar.

Maýyň birinji hepdesinde döwlet telewideniýesi arkaly köpçülige mälim edilen barlag-seljeriş işleri, resmi habarlara görä, Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň söwda dükanlarynda geçirildi.