Get Mystery Box with random crypto!

Çeşme: Darganatanyň 'Obahyzmat' edarasynda dizel ogurlygynyň ü | Azatlyk

Çeşme: Darganatanyň "Obahyzmat" edarasynda dizel ogurlygynyň üsti açyldy

"Geçen hepde etrap prokuraturasynyň işgärleri "Obahyzmat" edarasynda barlaglary geçirdiler. Munuň netijesinde, garaždaky onlarça demir guralyň we 103 tonna dizel ýangyjynyň ogurlanandygy anyklandy" diýip, çeşmämiz 7-nji iýunda beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, barlaglarda "Obahyzmat" edarasyna degişli bu önümleriň edaranyň mehanizatorlary, ussalary, sürüjileri we garawullary tarapyndan hususy taraplara satylandygy hem aýdyňlaşdyrylypdyr.

"Häzirki wagtda işçilerden zyýanyň öwezini dolmak talap edilýär. Munuň üçin olara wagt möhleti berildi. Umumy jenaýat işi gozgamak mümkin däldigi sebäpli, 61 sany işçiniň her birine iki tonna töweregi dizel ýangyjyny tölemek tabşyryldy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz belledi.