Get Mystery Box with random crypto!

Çeşme: Interneti çäklendirmek babatda kiçi we uly Berdimuhamed | Azatlyk

Çeşme: Interneti çäklendirmek babatda kiçi we uly Berdimuhamedowlaryň pozisiýalary tapawutlanýar

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Serdar Berdimuhamedow we onuň töweregi ilatyň habar almak mümkinçiliklerini, Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini mundan beýläk çäklendirmezlik, VPN ulgamlaryny petiklemezlik teklibini öňe sürýärler.

Beýleki tarapdan, türkmen syýasatynyň jylawyny heniz hem öz elinde saklaýandygyna ynanylýan Gurbanguly Berdimuhamedow we öňden gelýän käbir geňeşçiler ýurtda habar we maglumat akymynyň berk çäklendirilmegini talap edýärler.

Çeşmäniň sözlerine görä, täze prezident we ýakyn töweregi öz pozisiýalaryny häkimiýete abanmagy ahmal "içerki howp" aladalary bilen düşündirýärler. Şeýle-de, täze ýolbaşçy öz teklibini häkimiýete içerden wehim abanan halatynda daşarky goldaw üçin "gapyny açyk saklamak" synanyşygy bilen delillendirýär.