Get Mystery Box with random crypto!

Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme köpelýär Azatlygyň | Azatlyk

Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme köpelýär

Azatlygyň Balkandaky habarçysynyň maglumatyna görä, welaýatyň dürli sebitlerinde hem uly adamlaryň, hem-de çagalaryň arasynda güýçli içgeçme ýaýraýar.

“Howanyň gyzmagy bilen, welaýatyň Akdaş, Gyýanly ýaly ençeme sebitinde adamlarda wirusdan bolýan diareýa ýaýraýar. Muňa ýoluganlarda güýçli ysmazlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, aşgazandaky agry, täret bilen gan iriňiň gelmegi ýaly alamatlar bolýar” diýip, howpzulyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli maşgala lukmanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.