Get Mystery Box with random crypto!

Gurban baýramynyň öň ýany, iri we ownuk şahly mallaryň bahasy | Azatlyk

Gurban baýramynyň öň ýany, iri we ownuk şahly mallaryň bahasy gymmatlady

Türkmenistanyň günbatar Balkan welaýatynda Gurban baýramynyň öň ýany, iri we ownuk şahly mallaryň bahasy gymmatlady.

“20 kilogram töweregi et berjek goýun-geçiler geçen hepdelerde 1300 manat bolan bolsa, häzir olaryň bahasy 3000 manada çenli ýokarlandy. 150 kilogram töweregi agramy bolan sygyrlaryň we öküzleriň bahasy geçen hepdelerde 10 müň manatdan bahalanan bolsa, häzir olar 15-17 müň manada ýokarlandy” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.