Get Mystery Box with random crypto!

Azatlyk

Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk A
Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk
Kanal adresi: @azatlykradiosy
Kategoriler: Haberler , Kategorize edilmemiş
Dilim: Türk
aboneler: 542
Kanaldan açıklama

Iň täze we möhüm habarlar Azatlyk kanalynda!
Самые актуальные новости на канале Азатлык!
420 773 797 383

Ratings & Reviews

1.33

3 reviews

Reviews can be left only by registered users. All reviews are moderated by admins.

5 stars

0

4 stars

0

3 stars

0

2 stars

1

1 stars

2


En son Mesajlar 10

2022-05-11 17:59:25
Türkmen zenanlary 'gözellik gadagançylygy' barada pikir alyşýarlar

Kosmetika, häzirki zaman geýimleri we aýallara girizilen beýleki çäklendirmeler Türkmenistanyň ilatynyň arasynda nägileligi döredýär. Aýallaryň "özüne çekiji" geýimleri geýmegine we kosmetiki serişdeleri ulanmagyna gadaganlyk meselesi giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Käbir ýagdaýlarda aýal-gyzlar özlerine garşy eden-etdilige garşy durmaga synanyşýarlar.

Aýal-gyzlaryň arasynda "täze düzgünler", polisiýanyň eden-etdiligi we zenanlaryň daşky görnüşini barlamamaga girişýän "raýat eşikli adamlar" barada diskussiýalar gidýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary gürrüň berýärler.
87 views14:59
Aç / Yorum Yap
2022-05-11 17:56:50
Mekdepleriň abatlaýyş işleri ene-atalara gymmada düşýär

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde dowam edýän okuw ýyly ahyrlaýan wagtynda, mekdepleriň abatlaýyş işleri üçin okuwçylardan ýygnalýan pullar ene-atalara gymmada düşýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatyndan habar berýär.

Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherçesiniň bir mekdebinde, ene-atalaryň sözlerine görä, mekdebi abatlamak üçin ähli okuwçylardan pul toplanýar. Kiçi klas okuwçylar 100 manat möçberinde, uçurym boljak uly klas okuwçylar 300 manat möçberinde synp ýolbaşçylaryna pul bermäge mejbur edilýärler.

Ene-atalar mekdep administrasiýasynyň okuwçylardan pul toplamagyndan nägile bolýarlar. Ýöne mekdebiň abatlaýyş işlerine maddy goşant goşmakdan ýüz öwürýän okuwçylar pes bahalar bilen jezalandyrylýarlar.
89 viewsedited  14:56
Aç / Yorum Yap
2022-05-11 17:56:34
Lebap welaýatynyň bazarlarynda käbir gök-bakja önümleriniň bahasy ýokarlanýar

Söwdagärler munuň sebäplerini olaryň importynyň peselmegi we ýerli önümçiliginiň ýeterlik däldigi bilen düşündirýärler. Bu maglumat türkmen prezidentiniň söwda toplumy boýunça wise-premýere berk käýinç berip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberlerini azaltmagy tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

"Häzirki wagtda azyk önümleri ýeterlik däl. Özümizde öndürilýän azyk önümleri daşary ýurtlara eksport edilýär. Mysal üçin, Çärjew etrabynda 300 gektar meýdany bolan ýyladyşhanada öndürilýän pomidor Owganystana we Gyrgyzystana eksport edilýär. Halka pomidor ýetmeýär. Bu bolsa, harytlaryň gymmatlamagyna getirýär. Häzir pomidoryň bir kilogramy 18, bulgar burçyň bir kilogramy 17 manatdan satylýar. Kartoşkanyň bahasy 8-10 manada ýetdi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň martyň ahyrynda beren maglumatlaryna görä, sebitde bir kilogram pomidoryň bahasy 12-13 manada barabardy.
90 viewsedited  14:56
Aç / Yorum Yap
2022-05-09 15:27:58
Marylylar ozalky azyk resmileriniň tussag edilmegini "gözboýagçylyk" häsiýetlendirýär

Türkmen telewideniýesinde aglap "toba edýän" ozalky azyk resmileriniň görkezilmegi şu günler Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda esasy gürrüňleriň birine öwrüldi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýaşaýjylar korrupsiýanyň ýokardan gaýdýandygyny belläp, tussag edilmeleri "gözboýagçylyk" diýip häsiýetlendirýärler we döwlet dükanlaryndaky azyk üpjünçiligi bilen bagly meseläniň çözülmeýändigini aýdýarlar.

Ýatlatsak, 5-nji maýda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde baş prokuror Batyr Atdaýew prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berip, Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde we dükanlarynda geçirilen barlag-seljerme işleriniň netijesinde uny we ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satan raýatlaryň ýüze çykarylandygyny aýtdy.
45 views12:27
Aç / Yorum Yap
2022-05-09 15:25:30
Türkmenistanda gazet-žurnallara mejbury abuna ýazylmak möwsümi başlandy

Türkmenistanda döwletiň berk gözegçiliginde saklanýan metbugata hökmany abuna ýazylmak möwsümi başlandy. 2022-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin geçirilýän bu mejbury çäräniň çäginde, döwletiň gözegçiligindäki we hojalyk hasaplaşygyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerinden abuna ýazylandygy baradaky güwanama talap edilýär.

“Lebabyň döwlet edaralarynda býujetçilerden abuna üçin poçta arkaly töleg geçirendigi baradaky kwitansiýa soralýar. Ony 15-nji maýa çenli işleýän ýeriň hasaplaşyk bölümine hödürlemeli. Onlaýn abuna üçin 60 manat, eger-de kagyz görnüşinde öýe gelmegini isleseň 95 manat tölemeli” diýip, türkmenabatly mugallymlaryň biri 8-nji maýda anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
45 views12:25
Aç / Yorum Yap
2022-05-09 15:24:45
Türkmenistan ýeňşiň 77 ýyllygyny belleýär

Türkmenistanyň hökümeti II Jahan urşuna gatnaşan türkmenistanly uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna 200 manat möçberinde pul sowgadyny gowşurýar.

Türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan Turkmenportal.com neşiri Russiýanyň döwlet metbugatyna salgylanyp, Aşgabadyň Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň territoriýasynda 9-njy maý Ýeňiş gününe bagyşlanyp, “Ölümsizler polky” atly ýöriş geçirilendigini habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň sebitlerdäki habarçylary ýurtda Ýeňiş gününiň dabaraly bellenilmeýändigini habar berýärler.
44 views12:24
Aç / Yorum Yap
2022-05-05 15:55:10
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili türkmen prezidenti bilen duşuşdy

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terri Hakala adam hukuklaryny depelemekde berk tankyt edilýän Türkmenistana sapar edip, prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi 4-nji maýda habar berdi.

Döwlet metbugaty, ilkinji nobatda, ýewropaly ýörite wekiliň pursatdan peýdalanyp, türkmen prezidentini wezipä girişmegi mynasybetli gutlandygyny habar berýär.

Türkmenistanda 12-nji martda giň ýaýran saýlaw düzgün bozmalarynyň arasynda geçirilen irki prezident saýlawlarynda ýeňiji yglan edilen Serdar Berdimuhamedow döwlet wezipesine girişenden 1,5 aý töweregi soň, ilkinji gezek prezident hökmünde ýokary derejeli ýewropa resmisi bilen duşuşýar.
19 views12:55
Aç / Yorum Yap
2022-05-05 15:54:13
Aşgabatda sürüjilere, hususy taksilere we Ahal belgili ulaglara gözegçilik ýene güýçlendi

Soňky günlerde Aşgabadyň ýol polisiýasy dürli bahanalar bilen, sürüjilere jerime ýazmak we olaryň ulaglaryny polisiýanyň awtoduralgasyna alyp gitmek işlerini batlandyrdy. Şeýle-de, polisiýa hususy taksileri hem nyşana alyp, Aşgabatda hasaba alynmadyk döwlet belgili awtoulaglar üçin hereket çäklendirmelerini ýene-de güýçlendirdi. Bu çäreler Türkmenistanda häkimiýetleriň raýatlara, hususan-da, aýal-gyzlaryň daşky keşbine gözegçiligi ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendiren mahaly möwjeýär.
20 views12:54
Aç / Yorum Yap
2022-05-05 15:53:13
Çeşme: Türkmen hökümeti aýal-gyzlary ýurtdan çykarmazlyk meselesini maslahat edýär

Türkmen häkimiýetleri, ýurtda döwlet derejesinde aýal-gyzlara garşy ozal görlüp-eşidilmedik çäklendirmeleriň girizilýän wagty, zenanlaryň ýurduň daşyna çykmagyny hem doly gadagan etmek meselesini maslahat edýärler. Bu barada Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn biri-birinden garaşsyz ygtybarly iki çeşmesi maglumat berýär.

“Aýal-gyzlary daşary ýurtlara goýbermezlik barada entek doly netijä gelinmedi, emma bu boýunça prezident we ozalky ýurtbaştutanynyň eýeleýän [Milli Geňeşiň Halk Maslahaty palatasynyň] başlygy derejesinde çynlakaý gürrüň edilýär. Deslapky plana görä, ähli zenanlaryň daşary ýurt pasportlaryny ellerinden almak meýilleşdirilýär. Bu düzgün, kadadan çykma hökmünde, döwlet komissiýasy tarapyndan saglyk ýagdaýy boýunça ýurtdan çykmaga rugsatnama alan ýa-da raýatlykdan çykan zenanlara degişli bolmaz” diýip, ozal hem ygtybarly maglumatlary beren Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.
18 views12:53
Aç / Yorum Yap
2022-05-04 15:58:08
RSF: Türkmenistan metbugat azatlygynda 177-nji boldy

Türkmenistan Bütindünýä metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda 177-nji orunda ýerleşdirildi. Serhetsiz reportýorlar guramasynyň (RSF) 3-nji maýda çap eden ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň, metbugata doly döwlet gözegçiligini saklap galmak bilen, geçen ýylka garanyňda bir orun öňe ilerländigini görse bolýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän guramanyň soňky hasabatynda Türkmenistana 25,01 bal berlip, geçen ýyl bu görkeziji 19,97 bala deň bolupdy.

“Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri Türkmenistanda habarlar diňe režimi wasp etmek üçin ulanylýar” diýip, media azatlygyna gözegçilik edýän guramanyň hasabatynda bellenilýär.

RSF 2022-nji ýylyň martynda geçirilen irki prezidentlik saýlawlarynda – garaşylyşy ýaly, häkimiýet atadan-ogla geçirilip, – Serdar Berdimuhamedow ýeňiji yglan edileninden soň, ýurtda senzuranyň güýçlenendigini we žurnalistlere garşy basyşlaryň artandygyny belleýär.
55 views12:58
Aç / Yorum Yap