Get Mystery Box with random crypto!

Azatlyk

Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk A
Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk
Kanal adresi: @azatlykradiosy
Kategoriler: Haberler , Kategorize edilmemiş
Dilim: Türk
aboneler: 542
Kanaldan açıklama

Iň täze we möhüm habarlar Azatlyk kanalynda!
Самые актуальные новости на канале Азатлык!
420 773 797 383

Ratings & Reviews

1.33

3 reviews

Reviews can be left only by registered users. All reviews are moderated by admins.

5 stars

0

4 stars

0

3 stars

0

2 stars

1

1 stars

2


En son Mesajlar 9

2022-05-13 15:55:42
CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar

Žurnalistleri goramak baradaky komitet 12-nji maýda "Turkmen.news" neşiriniň habarçysy Nurgeldi Halykowyň derrew we şertsiz boşadylmagy barada beýanat ýaýratdy. Komitet Halykowyň, metbugatda onuň ykbaly barada çykýan maglumatlar üçin ar alyş hökmünde, üç gezek türme kamerasynda saklanandygyny aýdýar.

"Türkmen häkimiýetleri tussag edilen žurnalist Nurgeldi Halykowdan ar almagy bes etmeli we ony derrew hem-de şertsiz boşatmaly" diýip, komimetiň penşenbe güni çap eden beýanatynda bellenilýär.

Häkimiýetler Halykowy 2020-nji ýylyň iýulynda tussag etdiler we şol ýylyň sentýabrynda dört ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Düýbi Niderlandlarda ýerleşýän "Turkmen.news" neşiriniň habaryna görä, ol BSG-niň missiýasynyň agzalarynyň Aşgabatdaky suratlaryny habar serişdelerine iberenden soň, galp aýyplamalar esasynda tussag edildi.
87 views12:55
Aç / Yorum Yap
2022-05-13 15:55:03
Meredow GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Duşenbedäki mejlisine gitmedi

13-nji maýda Täjigistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçýär.

Paýtagt Duşenbede dar gerimde geçirilýän duşuşyga, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredowdan galan, GDA döwletleriniň ähli baş diplomatlary geldiler.

Meredowyň bu gepleşiklere gatnaşmajakdygy barada şu hepdäniň başynda Azatlygyň çeşmesi habar beripdi. Onuň sözlerine görä, Meredowyň häkimiýetdäki täsiriniň peselmegi Serdar Berdimuhamedowyň prezident saýlanmagy bilen bagly, şeýle-de ony wezipesinden çetleşdirmek meselesi eýýäm çözülipdir.
84 views12:55
Aç / Yorum Yap
2022-05-12 14:09:56
61 views11:09
Aç / Yorum Yap
2022-05-12 14:09:08
60 views11:09
Aç / Yorum Yap
2022-05-12 14:06:57
Maryda güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilýär

Bu işlere jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri köpçülikleýin gatnaşdyrylýar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, býujet işgärlerine ýowarlaryň geçiriljekdigi barada öňünden bildiriş edilmedi. Şeýle-de, häkimiýetler, şol sanda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary güýçli depginde geçirilýän arassaçylyk işleriniň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler.

Olar diňe bu işleriň 18-nji maýda belleniljek Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
58 views11:06
Aç / Yorum Yap
2022-05-12 13:16:57
Türkmenistanda düzgün bozan sürüjilere we pyýadalara salynýan jerimeler birnäçe esse artdy

"Şu günden (11-nji maý) başlap, rugsat edilýän iň ýokary tizligi sagatda 30 kilometr tizlikden köp, ýöne 50 kilometr tizlikden az mukdarda bozan sürüjilere salynýan jerimäniň möçberi binýatlyk mukdaryň ikisinden üçüsine çenli möçberde artdyryldy. Düzgün bozma gaýtalansa, onda jerimäniň möçberi binýatlyk mukdarynyň bäş essesine barabar bolar" diýip, hökümetçi neşir ýazýar

Bu ýurtda raýatlara, şol sanda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilşine gözegçiligiň ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
76 views10:16
Aç / Yorum Yap
2022-05-12 13:15:24
Türkmenistanda Internet ‘tas doly diýen ýaly öçürildi’

Türkmenistanda Internet aragatnaşygynyň tizliginiň düýpli haýallamagy dowam edýär. Ýurtda hatda adaty messenjerlerden hem peýdalanyp bolmaýar. Sebitleriň aragatnaşyk wekilleri Internetiň Aşgabatdan ýörite peseldilýändigini aýdýarlar.

“3-nji maýdan bäri, ýurduň beýleki künjekleri bilen birlikde, Lebapda hem Internet üpjünçiligi tas ýoga geldi. Ýurtda petiklenmedik ýeke-täk IMO messenjeri Internete bir birikýär, bir-de kesilýär. Ol arkaly ugradylan suratlar açylmaýar. Bu ýagdaýlary 200 manat töläp öýlerine degişlilikdäki ýokary tizlikli Interneti çekdirenler hem başdan geçirýärler” diýip, 12-nji maýda Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň biri ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen hökümeti, şol sanda Internet üpjünçiligini-de çäklendirip raýatlarynyň alternatiw maglumat edinmek mümkinçiliklerini, söz azatlygyny çäklendirmekde tankytlanýar.
76 views10:15
Aç / Yorum Yap
2022-05-11 18:01:10
Täjik prezidentiniň ogly Rustam Emomali resmi sapar bilen Aşgabada bardy

Täjigistanyň awtoritar prezidenti Emomali Rahmonyň ogly, täjik parlamentiniň spikeri we paýtagt Duşenbäniň häkimi Rustam Emomali 11-nji maýda resmi sapar bilen Aşgabada bardy. Bu barada “Orient” neşiri habar berýär.

Rustam Emomali çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kakasy we Halk Maslahatynyň başlygy, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Türkmen metbugatyna görä, taraplar iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlaryny maslahat etdi.

Şeýle-de, täjik prezidentiniň ogly Türkmenistanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowa bilen hem duşuşdy.
91 views15:01
Aç / Yorum Yap
2022-05-11 18:00:42
Türkmenistanda ezoteriki hyzmatlar rowaç alýar

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady we durmuş kynçylyklarynyň fonunda, ilat arasynda palçylardan, tebiplerden we porhanlardan haraý gözleýän adamlar köpelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilat arasynda ýoň bolan şeýle meýilleriň jikme-jikligini öwrenýärler.

Synçylara görä, däp-dessurlara berk eýerýän konserwatiw türkmen jemgyýetinde köplenç yrymçy adamlar, şol sanda käbir döwlet gullukçylary kömek sorap, palçylaryň we tebipleriň gapysyna barha köp barýarlar.

Ylmy subutnamalardan mahrum bolan ezoteriki hyzmatlar, Azatlygyň habarçylaryna görä, dürli kynçylyklara sezewar bolan adamlar üçin çykalga gapysyna, bu hyzmatlardan girdeji gazanýan adamlar üçin bolsa düşewüntli gazanç çeşmesine öwrülýär.
89 views15:00
Aç / Yorum Yap
2022-05-11 18:00:10
Mary: Soňky jaň çykdajylary ene-atalary günsaýyn surnukdyrýar

Türkmenistanda şu ýyl orta mekdepleri tamamlaýan okuwçylaryň soňky jaň dabarasyna görýän taýýarlyklary dowam edýär. Mary welaýatynyň mekdeplerinde uçurymlar bu taýýarlyklar üçin müňlerçe manat sarp etmeli bolýarlar. Bu ýagdaý, ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklar sebäpli onsuzam gurpdan düşen eli ýuka maşgalalary aljyradyp, olaryň aladalaryny artdyrýar.

"Uçurymlaryň çykdajylary gün-günden köpelýär. Her gün bir zat üçin pul ýygnalýar ýa-da başga bir zady satyn almaly bolýar. Bu çykdajylar ene-atalary gaýga goýýar" diýip, maryly ene anonimlik şertinde 11-nji maýda gürrüň berdi.
88 views15:00
Aç / Yorum Yap