Get Mystery Box with random crypto!

Azatlyk

Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk A
Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk
Kanal adresi: @azatlykradiosy
Kategoriler: Haberler , Kategorize edilmemiş
Dilim: Türk
aboneler: 542
Kanaldan açıklama

Iň täze we möhüm habarlar Azatlyk kanalynda!
Самые актуальные новости на канале Азатлык!
420 773 797 383

Ratings & Reviews

1.33

3 reviews

Reviews can be left only by registered users. All reviews are moderated by admins.

5 stars

0

4 stars

0

3 stars

0

2 stars

1

1 stars

2


En son Mesajlar 13

2022-04-25 16:00:12
Býujet işgärleriniň daşky keşbi barlanýar, "tebigy gözellik" propaganda edilýär

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daşky keşbine gözegçilikler barha güýçlenýär. Häkimiýetler indi bu gözegçilikleri diňe köçelerde, gözellik salonlarynda, dellekhanalarda we ýokary okuw jaýlarynda däl, eýse döwlet edara-kärhanalarynda hem batlandyrýar. Aşgabatdan Lebap we Mary welaýatlaryna ýörite barlag toparlary gelip, Türkmenabat şäheriniň mekdeplerine, çagalar baglaryna we saglyk edaralaryna aýlandylar we işgärleriň daşky keşbini barladylar. Mary welaýatynda bolsa, býujet işgärleri bilen ýygnaklar geçirilip, "tebigy gözellik" propagandasy öňe sürülýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, geçen hepde geçirilen bu barlaglarda mugallymlardan, terbiýeçilerden we saglyk işgärlerinden diňe milli egin-eşikleri, ýagny uzyn ýakaly köýnekleri geýmek we kellelerine ýaglyk daňmak talap edildi.

"Mugallymlar, terbiýeçiler we saglyk işgärleri sary reňkdäki saçlaryny gara reňke boýamaga hem mejbur edildi. Dyrnagy ösgü
41 views13:00
Aç / Yorum Yap
2022-04-25 13:12:24
Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy

Türkmen edebiýatynyň aksakgaly, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rahym Esenow şu gün, 96 ýaşynyň içinde Aşgabatda aradan çykdy. Ýazyjy özüniň 27 ýyllap ýazan baş kitabyny, "Baýramhan" (rusça"Венценосный скиталец", iňlisçe “The Crowned Wanderer”) trilogiýasyny awtoritar prezidentiň islegine görä üýtgetmän, öz hasabyna Moskwada 1000 nusgada çap etdirip, onuň bir bölegini Aşgabada getirdeni, şeýle-de ýurtda döredilýän şahsyýet kultuny goldaman, "Azatlyk" radiosy bilen hyzmatdaşlyk edeni üçin gara sanawa girizildi, MHM-niň deslapky tussaghanasyna salyndy, öý tussagy edildi, ýaşap oturan howlusy ýykylyp, köp gatly beýik jaýyň ýokarky gatyndaky kwartiralaryň birine göçürildi.

"Türkmen edebiýaty agyr ýitgä sezewar boldy, onuň uly saýaly daragty ýykyldy” diýip, aşgabatly edebiýatçy Rahym aga Esenowyň şu gün, 23-nji aprelde dünýäsini başgalandygyny tassyk etdi. 1927-nji ýylda doglan uruş weterany 1-nji fewralda 95 ýaşynyň toýuny toýlapdy.

Rahym aga o
7 views10:12
Aç / Yorum Yap
2022-04-22 18:47:37
Lebabyň ýag kärhanasy öz işini togtatdy. Hünärmenler ýag gytçylygynyň boljakdygyny duýdurýar

Lebap welaýatynda ýag önümçiligine degişli pagta çigidiginiň gytçylygy sebäpli ýerli ösümlik ýag kärhanasy öz işini togtatdy. Kärhananyň işgärleriniň ýarysy tölegsiz zähmet rugsadyna iberildi. Hünärmenler munuň ýurtda pagta ýagynyň gytçylygyna sebäp boljakdygyny duýdurýarlar. Bu aralykda, ýerli daýhanlar sebitiň bugdaý we gowaça meýdanlaryndaky ýiti suw ýetmezçiligi barada habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz iki habarçysynyň maglumatlaryna görä, 2-nji aprelde welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde pagta çigidinden ösümlik ýagyny öndürýän kärhana öz işini togtatdy.

"Kärhanada bir müňden gowrak adam zähmet çekýärdi. Olaryň ýarysy tölegsiz zähmet rugsadyna iberildi. Olara bäş aý hak tölenmez. Kärhana sentýabr aýyna çenli, ýagny täze gowaça hasyly alynýança işe girişmez" diýip, ýagdaýdan habarly hünärmen 22-nji aprelde gürrüň berdi.
32 views15:47
Aç / Yorum Yap
2022-04-22 18:46:44
Lebaply ýaşaýjylar: Amyderýanyň suwy çekilýär

Lebap sebitiniň ýaşaýjylary Amyderýanyň suwunyň çekilen böleklerine, derýada emele gelen adajyklara alada bilen syn edýärler.

Şu günler Türkmenistanda gowaça ekiş möwsümi dowam edýär. Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary we welaýat häkimleri ekiş möwsüminiň agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirilip, bellenen möhletde tamamlanjakdygyny aýdýarlar. Ýöne resmiler ýurtda ýüzlerçe müň gektarlyk meýdana gowaça ekmegiň töweregindäki mümkin bolan meseleler, şol sanda gowaça ekinine ummasyz köp mukdarda suw serişdeleriniň sarp edilmegi we munuň ýol açmagy ahmal negatiw netijeleri barada gürrüň gozgamaýarlar.
32 viewsedited  15:46
Aç / Yorum Yap
2022-04-22 18:46:04
Garagumyň döwlet dükanlary ilata berilmeli uny kemeldip, 'ýokardakylara pul ýygnaýar'

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata subsidirlenen bahadan berilýän azyk önümleriniň satuwyndaky bökdençlikler we bidüzgünçilikler saklanyp galýar. Mary welaýatynyň käbir obalarynyň ýaşaýjylaryna geçen ýylyň soňky iki aýy üçin niýetlenen subsidirlenen azyk önümleri berilmedi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada oba ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, Türkmengala etrabynyň "Zähmet" daýhan birleşigindäki döwlet dükanlarynda ilata subsidirlenen bahadan satylýan un we ýag ýaly azyk önümleri öz wagtynda paýlanmaýar. Käbir aýlarda bolsa, ilata bu önümler asla satylmaýar.

"Geçen ýylyň soňky iki aýynyň ununy we ýagyny paýlaman, şu ýylyň başyndan täze hasap ýöredip başladylar" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýerli ýaşaýjy dükan resmileriniň munuň sebäplerini düşündirmeýändigini hem aýtdy.
32 viewsedited  15:46
Aç / Yorum Yap
2022-04-22 18:45:11
Aşgabatly mekdep okuwçylary bilen daş görnüşleri barada düşündiriş ýygnaklary geçirilýär

Türkmenistanda häkimiýetleriň raýatlaryň daşky görnüşine gözegçiligi bat alýar. Saç reňklemek, saç kesmek, manikýur, botoks we depilýasiýa ýaly kosmetiki hyzmatlara girizilen gadaganlykdan soň geýim talaplary hem has güýçlendirildi. Düşündiriş işleri okuw jaýlarynda hem alnyp barylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdaky soňky wakalar barada habar berýärler.

Aşgabadyň mekdepleriniň okuwçylary moda görä köýnek geýmekden, ýüzüne kosmetika çalmakdan we dyrnaklaryna manikýur etmekden saklanmalydyr. Mekdep okuwçylaryna bu talaplar barada mekdep ýolbaşçylary we bilim işgärleri bilen duşuşyklarda habar berildi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şular ýaly ýygnak ýakynda Berkararlyk etrabynyň we Hitrowka diýilýän ýeriň orta mekdeplerde geçirildi.

"Her 10 günden bir gezek mekdep okuwçylary mejlisler zalyna ýygnanarlar we olar bilen gadaganlyk temasynda düşündiriş işleri alnyp barylar. Olara ýüzüne kosmetika çalma
33 viewsedited  15:45
Aç / Yorum Yap
2022-04-21 17:12:29
Maýyplygy bolan adamlar jaý almak üçin 'ýa para bermeli, ýa-da jaýsyz oturmaly'

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde maýyplygy bolan adamlar döwlet tarapyndan özleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmaýandygyndan we jaý almak üçin duran nobatlarynyň hiç hili öňe süýşmeýändiginden şikaýat edýärler. Şol bir wagtda, olar "häkimiýetlere para beren maýyplaryň nobatda durmazdan, dessine jaý bilen üpjün edilýändiklerini" aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan maýyplygy bolan adamlaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, olar 2016-2018-nji ýyllar aralygynda özleriniň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ýaşaýyş jaýyna mätäçdigi barada häkimlige arza tabşyrypdyrlar. Şondan soňra olaryň şahsy maglumatlary alnyp, atlary jaý üçin nobata duran adamlaryň sanawyna goşulypdyr.

Ýöne maýyplygy bolan adamlar aradan ençeme ýylyň geçendigine garamazdan, häkimligiň ýöredýän bu sanawynda hiç hili öňe gidişligiň ýokdugyny aýdýarlar.
35 views14:12
Aç / Yorum Yap
2022-04-21 17:11:06
Klassiki saz konsertleri arakesmeden soň Aşgabadyň medeni durmuşyny janlandyrýar

Aşgabatda klassiki aýdym-saz konsertleri gaýtadan başlandy. Paýtagtyň aýdym-saz söýüjileri iki hepdäniň içinde azyndan üç aýdym-saz çäresine baryp görmäge mümkinçilik aldylar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 15-nji we 16-njy aprelde Türkmen milli konserwatoriýasynyň binasynda geçirilen konsertlere gatnaşyp, bu medeni çäreler barada habar berdi.

Apreliň ikinji ýarymynda, ýene bir karantin arakesmesinden soň, Maýa Gulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we okuwçylary üç sany konsert bilen klasiki saz muşdaklaryny begendirýärler.

15-nji aprelde Türkmenistanyň Hormatly sungat işgäri, baýry mugallym, türkmen gyjak mekdebini esaslandyryjy Nikolaý Artemiýewiç Amiýantsyň hormatyna konsert geçirildi. Ussat 60 ýyldan gowrak wagt bäri döredijilik işlerini aýdym-saz mekdebinde okatmak bilen utaşdyryp alyp barýar.
35 views14:11
Aç / Yorum Yap
2022-04-21 17:10:24
Aşgabatda "artyk" çörek alanlaryň 15 gün tussaglyga höküm ediljekdigi duýdurylýar

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda dowam edýän un we çörek gytçylygynyň barha ýitileşýän döwründe Aşgabadyň häkimiýetleri çöregiň söwdasyna gözegçiligi gaýtadan güýçlendirdi. Häzirki wagtda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri döwlet dükanlarynda kesgitlenen möçberden "artyk" çörek satyn alýan raýatlary anyklamaga synanyşýarlar. Olar munuň üçin wideo we foto kameralardan peýdalanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, şu günler polisiýa işgärleri döwlet dükanlaryna aýlanyp, nobata duran adamlary surata we wideo düşürýärler.

"Olar alyjylara kesgitlenen möçberden has köp çörek satyn alýan raýatlaryň 15 güne çenli türme tussaglygyna höküm ediljekdigini duýdurýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 21-nji aprelde gürrüň berdi.
33 views14:10
Aç / Yorum Yap
2022-04-20 17:44:01
Hökümet pile borçnamasyny artdyrdy, ýüpekçiler tut agajynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýär

“Şu ýyl öňki ýyla garanyňda gaty köp gurçuga ideg etmek talap edilýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Türkmenistanda ýüpek gurçugyna ideg etmek möwsümi batlanýar. Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýurt boýunça 2300 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Fewralda kabul edilen karara görä, şu ýyl Ahal welaýaty 300 tonna, Balkan welaýaty 50 tonna, Daşoguz welaýaty 500 tonna, Lebap welaýaty 1010 tonna we Mary welaýaty 440 tonna çig pile öndürmeli edildi. Bu ýyl ýurduň pile borçnamasy geçen ýylyň plan borçnamasyndan 300 tonna ýokarlandy.

“Her bir býujet edarasyna, daýhanlara, hatda hiç ýerde işlemeýän adamlara, garaz, ýüpek gurçugyna ideg etmäge isleg bildirýän her kese gurçuk paýladylar. Emma häzirden tut agajynyň ýetmezçiligi başlady” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
117 views14:44
Aç / Yorum Yap