Get Mystery Box with random crypto!

Azatlyk

Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk A
Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk
Kanal adresi: @azatlykradiosy
Kategoriler: Haberler , Kategorize edilmemiş
Dilim: Türk
aboneler: 542
Kanaldan açıklama

Iň täze we möhüm habarlar Azatlyk kanalynda!
Самые актуальные новости на канале Азатлык!
420 773 797 383

Ratings & Reviews

1.33

3 reviews

Reviews can be left only by registered users. All reviews are moderated by admins.

5 stars

0

4 stars

0

3 stars

0

2 stars

1

1 stars

2


En son Mesajlar 8

2022-05-23 14:06:58
Azatlygyň habaryndan soň, Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynda barlag geçirildi. Hassahananyň baş lukmany saklandy

Türkmenbaşy şäherindäki täze açylan köpugurly hassahanada dowam edýän korrupsiýa barada, Azatlyk Radiosynyň habarlaryndan soň, ol ýere Aşgabatdan ýörite derňew topary iberildi. Birnäçe jogapkär adamyň, şol sanda bir aý mundan ozal açylan hassahananyň baş lukmanynyň tussag edilendigi barada habar ýaýrady.

Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahana 15-nji aprelde, prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, dabaraly ýagdaýda açylypdy.

Iki hepdeden soň, Azatlyk saglyk işgärleriniň we täze hassahananyň baş lukmanynyň işe ýerleşmek isleýän medisina işgärlerinden, ýüzlerçe müň manat para alýandyklary barada habar berdi.
62 views11:06
Aç / Yorum Yap
2022-05-19 13:10:06
Türkmenabatlylar prezidentiň saparyna we şäheriň durmuşynyň ‘durmagyna’ taýýarlanýar

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda, prezidentiň mümkin saparyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu ýagdaýlary içginden yzarlaýan ýerli habarçymyz mejbury ýowarlara, dynç günlerine hem garamazdan, ýüzlerçe býujet işgärleriniň-de çekilýändigini gürrüň berdi. Bu aralykda türkmenabatlylar, bu hili saparlarda adatça bolşy ýaly, şäheriň gündelik durmuşynyň doly togtap galmagyna eýýäm häzirden taýýarlanýarlar.

“18-nji maý [Konstitusiýa we Baýdak güni] ýurtda resmi baýramçylyk bolsa-da, Türkmenabadyň tas ähli edara-kärhanalarynda mejbury ýowarlar geçirildi. Eýýäm birnäçe günden bäri şäheriň köçeleri oňarylýar, baglar ekilýär, ýollaryň ugrundaky jaýlar täzeden reňklenýär, haşal otlar çapylýar. Mundan başga-da, ýollaryň gabadyndaky demir jähekler, sütünler esgi bilen ýuwulýar. Bu işlere kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri bilen birlikde, býujetçiler hem gatnaşdyrylýar”
46 views10:10
Aç / Yorum Yap
2022-05-18 15:01:13
Ilatyň paýok üpjünçiligi erbetleşýär

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marynyň dürli sebitlerindäki döwlet dükanlarynda ilatyň “paýok” üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazlygynda galýandygyny habar berýärler.

Synçylar Türkmenistanda iki aý mundan ozal geçirilen 12-nji mart irki prezident saýlawlaryndan soňra ilatyň azyk üpjünçiliginiň ýagdaýynyň, iň bolmanda gysga wagtlyk hem bolsa, kadalaşjakdygyna umyt baglady. Ýöne, ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň azyk üpjünçiliginiň ýabygorly ýagdaýy saklanyp galýar.

Azatlygyň Mary sebitindeki habarçysyna görä, şu günler Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynyň ençemesinde ilatyň azyk paýlary doly üpjün edilmeýär, subsidirlenen önümleriň elýeterli bolan dükanlarynda bolsa alyjylara hili pes önümler satylýar.
78 views12:01
Aç / Yorum Yap
2022-05-18 15:00:14
Azatlygyň habarlaryndan soň, mekdeplerde mejbury pul toplamak togtadyldy, barlag başlandy

Azatlygyň mekdepleriň abatlaýyş işleri üçin okuwçylardan mejbury ýygnalýan pullar, bularyň ene-atalara ýetirýän agramy baradaky habarlaryndan soň, paýtagtyň orta mekdeplerinde barlaglar başlandy we maliýe serişdelerini toplamak işleri togtadyldy.

Habarçylarymyz okuw ýyly ahyrlaýan wagtynda mekdebi abatlamak üçin kiçi klas okuwçylaryň 100 manat möçberinde, uçurym boljak uly klas okuwçylaryň hem 300 manat möçberinde synp ýolbaşçylaryna pul bermäge mejbur edilýändigi barada maglumat beripdiler.

“Azatlykda çykan habarlardan soň, Aşgabadyň mekdeplerine Bilim ministrliginiň, Prokuraturanyň işgärlerinden düzülen toparlar aýlanyp başlady. Öňünden duýdurylmazdan amal edilýän bu barlaglar eýýäm paýtagtyň ençeme mekdebinde geçirildi. Mundan howatyr edip, beýleki mekdepleriň ýolbaşçylary eýýäm okuwçylardan pul toplamak işlerini bes etdiler” diýip, bu ýagdaýlary içginden yzarlaýan paýtagtly ene-atalaryň biri aýtdy.
76 views12:00
Aç / Yorum Yap
2022-05-18 14:59:27
Türkmenistanyň gaýta-gaýta üýtgedilen baş kanuny 30 ýaşady

Mundan 30 ýyl ozal, 1992-nji ýylyň 18-nji maý güni Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Synçylar geçen 30 ýylyň dowamynda azyndan sekiz gezek üýtgetmelere we goşmaçalara sezewar bolan baş kanunyň Konstitusiýa kepil geçmek jogapkärçiligini öz üstüne alan döwlet häkimiýeti tarapyndan birnäçe gezek bozulandygyny aýdýarlar. Bu aralykda, Konstitusiýa güni bilen bilelikde bellenilýän Döwlet baýdagynyň güni has ozal, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan gününde, 19-njy fewralda bellenilýärdi. 2017-nji ýyldan başlap, bu sene 18-nji maýa geçirildi.

Türkmenistanda Konstitusiýa gaýta-gaýta girizilýän üýtgetmeler bilen bir hatarda möhüm seneler wagtal-wagtal üýtgedilýär. Esasy kanuna girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar köplenç, synçylara görä, döwlet ýolbaşçylarynyň bähbitlerine hyzmat edýär.
73 views11:59
Aç / Yorum Yap
2022-05-17 12:57:41
Türkmenabatlylar "köne, hapa..." awtobuslardan ýadandyklaryny aýdýarlar

Türkmen häkimiýetleriniň döwletiň satyn alýan awtobuslary, taksileri barada berýän dowamly maglumatlaryna garamazdan, ýurduň ilatly sebitleriniň, şol sanda welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň ýaşaýjylary jemgyýetçilik transportynyň ýola goýulyşyndan, hilinden nägile bolýarlar.

“Türkmenabadyň ýolagçy awtobuslary könelip, eýýäm ençeme ýyl ozal sandan çykyp başladylar. Şäheriň jemgyýetçilik transportyny ozal Aşgabatda ýyllar boýy ulanylyp, soň Lebaba ugradylan awtobuslar düzýär. Olaryň içi gaty kir. Oturgyçlary çaň basyp gidipdir, aýagyň aşagy hem durşuna gum. Awtobusyň içindäki dizeliň aňkap duran ysy geýimiňe hem siňýär” diýip, Lebabyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylarynyň biri her gün başdan geçirýän tejribelerini gürrüň berdi.
33 views09:57
Aç / Yorum Yap
2022-05-16 14:00:02
Türkmenistanda zir-zibile mätäç bolanlaryň sany artýar

Türkmenistanyň paýtagtynda zir-zibil dörmegiň üstünde güýçli bäsdeşlik gidýär, käbirler üçin bu hakyky işe öwrülýär.

Zibil gaplarynyň içindäki galyndylar ugrundaky göreş gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar.

Bu işe başga girdejisi bolman, gaýtadan işlenip bilinýän serişdeleri ýygnap, tabşyrmak bilen gazanç edýän adaty adamlar, jemagat edaralarynyň işgärleri, şeýle-de aşa garyplykda ýaşap, galyndylary dörmäge ýa-da dilegçilik etmäge mejbur bolan adamlar bar.
72 views11:00
Aç / Yorum Yap
2022-05-16 13:59:17
Ýene 490 etniki gazak Türkmenistany hemişelik terk edip, Gazagystana göçýär

490 türkmenistanly etniki gazak iýunyň başynda Türkmenistany terk edip, Gazagystana hemişelik göçüp barar. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri “Türkmendemirýollary” agentligine salgylanyp, habar berýär.

Türkmen neşirine görä, bu çäre Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň haýyşy esasynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 11-nji maýda kabul eden kararyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
70 views10:59
Aç / Yorum Yap
2022-05-16 12:51:49
В Туркменистане для пациентов больниц ввели "дресс-код"

В Туркменистане жесткие требования к внешнему виду распространились и на больницы. В некоторых районных больницах страны от пациентов начали требовать носить одежду определенного кроя. Об очередных нововведениях сообщают корреспонденты Азатлыка в Туркменистане.

Теперь в больницах Туркменистана пациенты должны ходить в определенной одежде широкого кроя, напоминающей упущенный вариант традиционной туркменской одежды. Требование касается и женщин, и мужчин.

По сообщениям корреспондентов Азатлыка, в больницах требуют, чтобы находящиеся на лечении больные женщины были в широких платьях и непременно имели небольшие платки-косынки на голове. При этом платья должны быть широкие и длинные, из хлопчатобумажной ткани, рукав три четверти, но без традиционной вышивки на вороте платья. Пациенты мужского пола должны быть одеты в белые хлопчатобумажные футболки с коротким рукавом и широкие туркменские штаны черного цвета.
89 views09:51
Aç / Yorum Yap
2022-05-16 12:31:38
Bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar ýene ýitileşýär

Lebapda býujetçiler eýýäm bir hepde töweregi wagt bäri bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyklary çekýärler. Martdaky irki prezidentlik saýlawlaryna gabat bankomatlaryň işi az-kem kadalaşdyrylan bolsa-da, soňky aýdan bäri ilatyň pullaryny nagtlaşdyrmakdaky ozalky ‘oňaýsyz’ tejribeleri gaýdyp geldi.

“Maýyň ilkinji hepdesinde apreliň zähmet haklary bank hasaplarymyza geçirildi. Emma eýýäm iki hepde töweregi wagt bäri pullarymy elime alyp bilmeýärin. Munuň üçin, iki gün öňünden Türkmenabadyň banklarynyň birinde nobata ýazylmaly we nobatyň ýetýänçä her gün banka gatnap, sanawdaky ornuňy tassyklatmaly” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly awtobus sürüjisi 16-njy maýda habarçymyza gürrüň berdi.
90 views09:31
Aç / Yorum Yap