Get Mystery Box with random crypto!

Azatlyk

Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk A
Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk
Kanal adresi: @azatlykradiosy
Kategoriler: Haberler , Kategorize edilmemiş
Dilim: Türk
aboneler: 542
Kanaldan açıklama

Iň täze we möhüm habarlar Azatlyk kanalynda!
Самые актуальные новости на канале Азатлык!
420 773 797 383

Ratings & Reviews

1.33

3 reviews

Reviews can be left only by registered users. All reviews are moderated by admins.

5 stars

0

4 stars

0

3 stars

0

2 stars

1

1 stars

2


En son Mesajlar 15

2022-04-15 17:13:58
Täze hasabat: Türkmen häkimiýetleri krizisleri gizlemek syýasatyny dowam etdirýär

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän iki topar Türkmenistanda söz, Internet, birleşmek we parahatçylykly ýygnanyşmak azatlyklarynyň bozulmagy barada bilelikde hasabat ýaýratdy.

"Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy" ("Türkmenistanyň hronikasy" neşiri) we "Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk" toparlarynyň soňky hasabatynda 2021-nji ýylyň sentýabryndan 2022-nji ýylyň ýanwaryna çenli wagt aralygyna syn berilýär.

"Gazagystanda 2022-nji ýylyň ýanwarynda bolan wakalardan soň, prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda, täze repressiw çäreler" diýlip atlandyrylýan hasabatda türkmen häkimiýetleriniň krizisleri gizlemek syýasatyny dowam etdirendigi aýdylýar.
307 viewsedited  14:13
Aç / Yorum Yap
2022-04-15 17:13:40
Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy boldy

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň hemişelik maslahat beriji organy bolan Ýaşulular Geňeşiniň agzasy boldy. Gurama bu barada 15-nji aprelde beýanat berdi.

Beýanat eks-prezidentiň Ýaşulular Geňeşine Türkmenistanyň ýaşulusy hökmünde agza bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, beýanat Berdimuhamedowyň Ýaşulular Geňeşine gatnaşmagynyň Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda türk dünýäsi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda goşýan goşandyna täze itergi boljakdygyny aýtdy.

Synçylar bitarap Türkmenistanyň türki döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasyna tarap barha golaýlaşmagyny ýurduň sebitde we dünýäde emele gelýän täze şertlere uýgunlaşmak we öz ýaranlaryny gaýtadan gözden geçirmek synanyşygy bilen düşündirýärler.

“Türki Döwletler Guramasy Türkmenistan ýaly ýurt üçin dil taýdan, medeni we taryhy jähtden tebigy [ýaran bolup durýar]
277 views14:13
Aç / Yorum Yap
2022-04-15 10:33:52
Balkan: Azyk ýene gymmatlady, bankomatlarda nagt gytaldy, Internetiň tizligi peseldi

Balkan welaýatynyň ilaty bazarlarda azyk harytlarynyň gymmatlamagy we bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen nobatdaky gezek ýüzbe-ýüz bolýar.

Azyk gymmatçylygynyň we nagt kynçylyklarynyň arasynda, ýurduň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkanda hem Internetiň tizligi düýbünden pese gaçdy.

Bu maglumatlar prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkana etmegine garaşylýan saparynyň yza süýşürilendigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

Balkandaky habarçylarymyzyň sözlerine görä, Türkmenbaşy şäherinde ýeralmanyň, soganyň we pomidoryň bahasy 25% gymmatlady. Etiň bir kilogramy 65 manatdan 78 manada, çylka etiň bahasy 90 manatdan 115 manada ýokarlandy.

Türkmenbaşynyň ilaty azyk gymmatçylygy bilen bir wagtda, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar.

Has doly maglumat üçin: www.azathabar.com
295 views07:33
Aç / Yorum Yap
2022-04-15 10:32:23
ABŞ: Türkmenistanda hukuk bozulmalary saklanyp galýar

Türkmenistanda giň ýaýran hukuk bozulmalary, şol sanda syýasy-ykdysady, medeni we jynsy hukuk bozulmalary dowam etdirilýär. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň adam hukuklary boýunça täze ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

12-nji aprelde çap edilen hasabatda 2021-nji ýyla syn edilýär. Ol "Adamyň bitewiligine hormat goýmak", "Raýat azatlyklaryna hormat", "Syýasy prosese gatnaşmak azatlygy", "Hökümetde aç-açanlygyň bolmazlygy we korrupsiýa", "Bolandygy aýdylýn hukuk bozulmalaryň halkara we hökümete degişli bolmadyk derňewleri babatynda hökümetiň pozisiýasy", "Diskriminasiýa we jemgyýetdäki kemsitmeler" we "Işçileriň hukuklary" ýaly ýedi bölüme bölünýär.

Has doly maglumat üçin: www.azathabar.com
263 views07:32
Aç / Yorum Yap
2022-04-13 18:23:26
В Туркменистане снова ужесточают борьбу с коронавирусом

Правительство Туркменистана все еще считает, что COVID-19 нет на территории страны. Власти до сих пор официально не признали факт распространения коронавируса, беспрецедентную заболеваемость и смертность среди населения. Тем не менее, в стране в очередной раз ужесточают борьбу с коронавирусом.

На западе Туркменистана в Туркменбаши снова усилено требование к населению по соблюдению масочного режима. Местные власти объясняют требования неукоснительного ношения масок с новой волной распространения коронавируса, а также пневмонии.

По данным корреспондента Азатлыка, усиление ограничений связано, в частности с обнаружением "Дельта" варианта COVID-19 у граждан, прибывших недавно из-за рубежа. Между тем, в местной военной части наблюдается массовая заболеваемость пневмонией.
341 views15:23
Aç / Yorum Yap
2022-04-13 17:42:10
Balkanda reýd geçirilip, nikasyz jynsy gatnaşykda bolanlara 10 müň manat jerime salynýar

Balkan welaýatynyň polisiýasy raýatlaryň ahlak meselesine gözegçiligi güýçlendirip, nikasyz jynsy gatnaşykda bolýanlara we ten söwdasyny edýänlere garşy reýdleri geçirdi. Azatlyk Radiosynyň Balkanyň polisiýa edarasyndaky çeşmesi munuň täze içeri işler ministriniň "mukaddes oraza aýynda raýatlaryň ahlak terbiýesine we spirtli içgileri içmegine gözegçiligi güýçlendirmek" baradaky tabşyrygy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

"Geçen dynç günleri Türkmenbaşy şäher polisiýasynyň işgärleri oraza aýy mynasybetli üç myhmanhanada we ten söwdasynyň amala aşyrylýandygy üçin ozaldan bäri hasapda duran ýerlerde reýd geçirdiler. Şeýle-de, olar dynç günlerinde şäheriň bazarlarynda we dükanlarynda spirtli içgileri satdyrmadylar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 13-nji aprelde gürrüň berdi.
315 views14:42
Aç / Yorum Yap
2022-04-13 17:41:32
Kazyýet we adalat edaralarynyň işgärleri synagdan geçirilýär

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kazyýet we adalat edaralarynyň işgärleri synagdan geçirilip, olardan hünär derejelerini ýokarlandyrmak talap edilýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde aýdylmazlygyny soran çeşmämiziň maglumatlaryna görä, synagdan geçip bilmedik işgärler işlerinden boşadylýar.

Çeşmelerimiziň maglumatyna görä, hukuk edaralarynyň işgärleri ýanwaryň başlaryndan bäri hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuw sapaklaryna gatnaşdyrylýarlar.
289 views14:41
Aç / Yorum Yap
2022-04-13 17:40:57
Aşgabatdan Lebaba baran ýörite topar ýol polisiýasynyň işini derňeýär

Aşgabatdan Lebap welaýatyna duýdansyz toparlaýyn barlagçylar gelip, sebitiň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine gözegçilik edýän edaralarda barlag geçirýärler. Aşa ýokary tizlik bilen saklanan sürüjiler bir ýyldan iki ýyla çenli sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum edilýär. Sürüjilerden para alandygy aýdylýan ýerli ýolbaşçylar wezipesinden boşadylýar. Bu waka Içeri işler ministrliginiň başlygy täzelenenden soň, ýurduň dürli künjeginde ýol hereketine gözegçiligiň güýçlendirilen mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, geçen hepdäniň ahyrynda sebite baran barlagçylaryň düzüminde ýurduň Baş prokuraturasynyň we Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň wekilleri bar. Olar welaýatyň tas ähli şäherdir etraplarynda, hususan-da, Farap, Dänew, Darganata we Çärjew etraplarynda barlaglary geçirýärler.
279 views14:40
Aç / Yorum Yap
2022-04-12 16:27:36
Ýene bir türkmen uçary Minske baryp gaýtdy, ozalkysynyň gyssagly gonmagyna galp bomba howpy sebäp boldy

1-nji aprelde Türkmenistan howa ýollarynyň ýene bir ýörite uçuşy Türkmenistandan Minskä we yzyna amala aşyryldy.

Bu barada habar berýän Belarusyň "Hajun" proýektine görä, Minskden Türkmenabat şäherine ýakynda çarter uçuşyny amala aşyran öňki uçaryň yzyna gonmagyna galp bomba howpy sebäp bolupdyr.

Ýatlatsak, 8-nji aprelde Minskden Türkmenabat şäherine çarter uçuşyny amala aşyran “Türkmen howa ýollarynyň” uçary, uçanyndan bir sagat geçmänkä, yzyna gaýdyp, Minskiň aeroportuna gyssagly gonmaga mejbur bolupdy.

Uçar şonda dört sagat soň 9-njy aprelde Türkmenbaşyda eden aralyk duralgasy bilen Türkmenabat şäherine barypdy.
320 views13:27
Aç / Yorum Yap
2021-10-05 14:50:33
Gomoseksual gatnaşykda güman edilýän onlarça raýat Türkmenabatda tussag astynda saklanýar

Has doly okamak üçin şu sepe basyň!

@AZATHABAR bilen habarlaşyň, maglumatlaryňyzy, suratlaryňyzy we wideolaryňyzy ugradyň!
1.5K views11:50
Aç / Yorum Yap