Get Mystery Box with random crypto!

Azatlyk

Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk A
Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk
Kanal adresi: @azatlykradiosy
Kategoriler: Haberler , Kategorize edilmemiş
Dilim: Türk
aboneler: 542
Kanaldan açıklama

Iň täze we möhüm habarlar Azatlyk kanalynda!
Самые актуальные новости на канале Азатлык!
420 773 797 383

Ratings & Reviews

1.33

3 reviews

Reviews can be left only by registered users. All reviews are moderated by admins.

5 stars

0

4 stars

0

3 stars

0

2 stars

1

1 stars

2


En son Mesajlar 5

2022-06-13 13:33:55
Maska dakynmalymy ýa-da ýok? Prezident bu soragyň jogabynyň aýdyňlaşdyrylmagyny tabşyrdy

Türkmenistanda pandemiýa düzgünleriniň bölekleýin gowşadylmagynyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda, Lebapda we Maryda maska dakynmagyň zerur ýerleri ýa-da zerur däl ýerleri barada başly-baratlygyň dörändigini habar berdiler. Bu habaryň yz ýany, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli resmiler bilen geçiren ýygnagynda agyz-burun örtüginiň zerur ýerleri ýa-da zerur däl ýerleri barada düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Has ozal, türkmen hökümeti 1-nji iýundan başlap, raýatlardan diňe transport serişdelerinde we ýapyk binalarda maska dakynmagyň talap ediljekdigini yglan etdi.

Açyk ýerlerde maska talabynyň ýatyrylandygyna garamazdan, hatda polisiýa işgärleri köçelerde maskasyz barýan adamlardan maska dakynmagy talap edýän pursatlary boldy.
113 views10:33
Aç / Yorum Yap
2022-06-09 17:20:24
90 views14:20
Aç / Yorum Yap
2022-06-09 17:18:39
Maryda raýatlara ýurtdan çykmaga kömek etmegi wada berip, olaryň pullaryny ogurlaýan "kezzaplar köpelýär"

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, güzeran eklenji göz-görtele agyrlaşan adamlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanýan raýatlar köpelýär. Mary welaýatynda adamlara daşary ýurtlara alyp gitmegi wada berip, olary aldawa salýan bu raýatlar olaryň pullaryny alyp, soňra ýitirim bolýarlar. Bu barada aldawa salnan maryly ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

"Soňky hepdelerde daşary ýurtlara ýol açyldy diýen gürrüňler ýaýrandan soň, her etrapda adamlary daşary döwletlere, şol sanda Saud Arabystanyna ýa-da Dubaýa işlemäge alyp gidýändiklerini aýdýan kezzaplar gürrüň ýaýratdy. Olar kim gitjek bolsa, häzirden adam alyşyk başlandy diýdiler" diýip, maryly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
88 views14:18
Aç / Yorum Yap
2022-06-09 14:55:10
Çeşme: Interneti çäklendirmek babatda kiçi we uly Berdimuhamedowlaryň pozisiýalary tapawutlanýar

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Serdar Berdimuhamedow we onuň töweregi ilatyň habar almak mümkinçiliklerini, Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini mundan beýläk çäklendirmezlik, VPN ulgamlaryny petiklemezlik teklibini öňe sürýärler.

Beýleki tarapdan, türkmen syýasatynyň jylawyny heniz hem öz elinde saklaýandygyna ynanylýan Gurbanguly Berdimuhamedow we öňden gelýän käbir geňeşçiler ýurtda habar we maglumat akymynyň berk çäklendirilmegini talap edýärler.

Çeşmäniň sözlerine görä, täze prezident we ýakyn töweregi öz pozisiýalaryny häkimiýete abanmagy ahmal "içerki howp" aladalary bilen düşündirýärler. Şeýle-de, täze ýolbaşçy öz teklibini häkimiýete içerden wehim abanan halatynda daşarky goldaw üçin "gapyny açyk saklamak" synanyşygy bilen delillendirýär.
39 views11:55
Aç / Yorum Yap
2022-06-08 17:02:40
Çeşme: Darganatanyň "Obahyzmat" edarasynda dizel ogurlygynyň üsti açyldy

"Geçen hepde etrap prokuraturasynyň işgärleri "Obahyzmat" edarasynda barlaglary geçirdiler. Munuň netijesinde, garaždaky onlarça demir guralyň we 103 tonna dizel ýangyjynyň ogurlanandygy anyklandy" diýip, çeşmämiz 7-nji iýunda beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, barlaglarda "Obahyzmat" edarasyna degişli bu önümleriň edaranyň mehanizatorlary, ussalary, sürüjileri we garawullary tarapyndan hususy taraplara satylandygy hem aýdyňlaşdyrylypdyr.

"Häzirki wagtda işçilerden zyýanyň öwezini dolmak talap edilýär. Munuň üçin olara wagt möhleti berildi. Umumy jenaýat işi gozgamak mümkin däldigi sebäpli, 61 sany işçiniň her birine iki tonna töweregi dizel ýangyjyny tölemek tabşyryldy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz belledi.
39 views14:02
Aç / Yorum Yap
2022-06-08 17:02:03
Türkmenistanda ÝOJ-lardaky paranyň möçberi "$100 müňden hem aşýar"

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwlar tamamlanyp, gutardyş synaglary dowam edýärkä, iýun aýynda ýurduň ýokary we orta hünär mekdeplerinde nobatdaky para almak möwsümi başlandy.

"Býujetiň hasabyna ýokary bilim aljak dalaşgärlerden alynýan paranyň möçberi 300 müň manatdan 2 million 500 müň manada çenli ýetýär. Bu görnüşde okuwa ýerleşen dalaşgärlere her aý talyp haky tölenýär" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 7-nji iýunda beren maglumatynda aýtdy.

Bu serişdeler ýurduň Merkezi Bankynyň alyş-çalyş kursunda $85000-$700000, gara bazaryň nyrhynda $16500-$138000 deňdir.

"Medisina fakultetine okuwa girmek üçin dalaşgärlere 600 müň manat, ýuridika we MHM-e degişli bölümlere okuwa girmek üçin 2,5 million manat para kesildi" diýip, çeşmämiz belledi.
38 views14:02
Aç / Yorum Yap
2022-06-06 16:07:41
Lebapda we Balkanda ilatdan maska dakmazlyk talap edilýär

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýändigine garamazdan, berk maska režimini girizen türkmen häkimiýetleri ýurduň käbir sebitlerinde ilata maska dakynmagy berk gadagan edýär.

Şol bir wagtda, Aşgabatda maska režimi ozalkysy ýaly öz güýjünde saklanyp, maskasyzlara jerime ýazmak işleri dowam edýär.
85 views13:07
Aç / Yorum Yap
2022-06-06 13:56:46
Kreml: Serdar Berdimuhamedow ‘ýakyn günlerde’ Moskwada Putin bilen duşuşar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde rus prezidenti Wladimir Putin bilen ýurtbaştutany hökmünde özüniň ilkinji duşuşygyny geçirer. Bu barada Russiýanyň TASS gullugy Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Duşuşygyň anyk senesi barada maglumat berilmeýär. Bu maglumat dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda we döwletiň gözegçiligindäki habar serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.

Ýekşenbe güni Peskowdan Putiniň Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýakyn wagtda Moskwada duşuşygynyň meýilleşdirilip-meýilleşdirilmeýändigi soralanda, ol “Hawa, bu [duşuşyk] planlaşdyryldy” diýip, jogap berdi.
30 views10:56
Aç / Yorum Yap
2022-06-06 13:55:38
Prezident söwda toplumyna we oba hojalygy pudagyna gözegçilik edýän iki orunbasaryny işden boşatdy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň oba hojalygy pudagynda we söwda toplumynda dowam edýän kynçylyklaryň arasynda, bu iki pudagyň degişlilikdäki ýolbaşçylary Esenmyrat Orazgeldiýewi we Çary Gylyjowy wezipelerinden boşatdy.

Şeýle-de, Batyr Atdaýew başga işe geçýändigi sebäpli Türkmenistanyň baş prokurory wezipesinden boşadylyp, söwda toplumy boýunça wise-premýer wezipesine bellenildi.

Bular barada TDH Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji iýunda geçirilen bilelikdäki mejlisinden habar berýär.
27 views10:55
Aç / Yorum Yap
2022-06-03 13:30:07
73 views10:30
Aç / Yorum Yap