Get Mystery Box with random crypto!

Azatlyk

Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk A
Telgraf kanalının logosu azatlykradiosy — Azatlyk
Kanal adresi: @azatlykradiosy
Kategoriler: Haberler , Kategorize edilmemiş
Dilim: Türk
aboneler: 542
Kanaldan açıklama

Iň täze we möhüm habarlar Azatlyk kanalynda!
Самые актуальные новости на канале Азатлык!
420 773 797 383

Ratings & Reviews

1.33

3 reviews

Reviews can be left only by registered users. All reviews are moderated by admins.

5 stars

0

4 stars

0

3 stars

0

2 stars

1

1 stars

2


En son Mesajlar 6

2022-06-03 13:29:56
Türkmenistana kadaly we çarter uçarlary bilen gelenleriň karantin düzgünleri tapawutlanýar

Türkmenistanyň halkara uçar gatnawlaryny çäklendirmeginden iki ýyldan hem aşa wagtyň geçmeginden soň, käbir halkara ugurlary boýunça dowamly ýola goýlan uçarlar ýurda gelip başlady.

Şol bir wagtda, pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli beýleki ýurtlarda galan türkmenistanlylary watanyna dolamak boýunça çarter uçarlary hem guramalaşdyrylýar.

Emma Azatlygyň söhbetdeşleri bu uçarlaryň daşarda galan müňlerçe türkmenistanlynyň ählisiniň talabyny ödärden bärden gaýdýandygyny, şeýle-de dürli ugurlar bilen gelýän türkmenistanlylar üçin, gowşadylandygy aýdylýan karantin düzgünleriniň hem tapawutlanýandygyny aýdýarlar.
69 views10:29
Aç / Yorum Yap
2022-06-02 15:47:00
Türkmenistanda maska düzgüni resmi taýdan gowşadyldy, emma ony dakynmak talaby saklanýar

Türkmenistanda, tomsuň başyndan maska dakynmak talabynyň bölekleýin ýatyrylmagyna garaşylypdy. Resmi taýdan yglan edilen düzgünlere görä, 1-nji iýundan başlap ilat diňe jemgyýetçilik ulaglarynda we edaralarda maska dakynmaly bolar diýlipdi. Emma ilat köçelerde maska dakynmaga mejbur bolýar, sebäbi polisiýa jerime salmagyny dowam etdirýär.

Aşgabatda ýaşaýjylar köpçülik ýerlerinde maska dakynmagyny dowam etdirýärler. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, 2-nji iýunda paýtagtyň ähli köpçülik ýerlerinde ýaşaýjylaryň köpüsi maska dakynmagy dowam etdiripdir. Köçelerde maskasyz adamlar hem bolupdyr, emma olar köplenç polisiýanyň gözüne düşüp, jerimä sezewar edilipdir.

"Şu gün hemmeler maskaly ýöredi. Polisiýa işgärleri Oguzhan köçesiniň täze böleginde maskasyz adamlara jerime saldy" -diýip, Azatlygyň habarçysy gören ýagdaýlarynyň biri barada gürrüň berdi.
107 views12:47
Aç / Yorum Yap
2022-06-02 13:48:25
Azatlyk teşneligi

Azatlyk Radiosy öňdebaryjy türkmen aktiwistleriniň biri Dürsoltan Taganowa, onuň adam hukuklaryny ilerletmek boýunça alyp barýan işleri, türkmen häkimiýetleriniň oňa edýän basyşlary barada ýörite dokumental film taýýarlady.
44 views10:48
Aç / Yorum Yap
2022-06-02 13:20:06
Öňki prezidentiň Lebaba gelmegine garaşylýar

Öňümizdäki günleriň dowamynda Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezine sapar etmegine garaşylýar. Munuň bilen baglylykda, Türkmenabatda prezidentiň geçjek ýollarynyň ugurlarynda, sol sanda döwlet işgärleriniň hem çekilmegi bilen, mejbury arassaçylyk işleri, ýowarlar geçirilýär.

“Türkmenabadyň aeroportundan uzaýan ‘Arkadag’ köçesiniň ugry tas her gün diýen ýaly arassalanýar, ýuwulýar. Ýerli resmiler ýoluň ugrunda gumuň görünmeli däldigini aýdyp, asfalt köçäniň iki tarapyna çagyl daşlaryny düşedýärler. Şäheriň merkezinde-de, ýagny esasy ýoly kesip geçýän köçeleriň boýundaky aryklaryň haşal otlary aýrylýar, gamyşlary çapylýar. Kranlar arkaly yşyklandyryş sütünleriniň çyralaryna çenli esgi bilen ýuwulýar. Diwarlar ak reňke boýalýar” diýip, bu mejbury ýowarlara çekilen býujetçileriň biri 2-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.
50 views10:20
Aç / Yorum Yap
2022-06-02 13:19:22
Tomsuň gelmegi bilen Lebapda agyz suw ýetmezçiligi güýçlenýär

Tükmenistanda köpden bäri dowam edýän suw ýetmezçiligi tomus aýlarynda hasam güýçlenýär. Şu günler Lebapda ýaşaýyş jaýlara berilýän suw üpjünçiligi esli wagtlap kesilýär, kanalizasiýa problemasy agyrlaşýar.

Farapda ýaşaýyş jaýlarda suw günüň dowamynda diňe bir gezek, ýagny irden sagat 9-da 25 minudyň dowamynda berlilýar. Bu barada habar berýän Azatlygyň ýerli habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine gňrä, üstesine şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň esli böleginde kanalizasiýa oňaýlygy ýok.

"Jaýlaryň 90% çemesinde lagym suwlaryň akmagy üçin kanalizasiýa ýok. Şäher halky howlusynda ýa-da köçesinde kanalizasiýa üçin çukur gazyp, şol çukura hapa suwlaryny akdyrýarlar" diýip, ýerli çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
52 views10:19
Aç / Yorum Yap
2022-06-01 12:18:21
Pussy Riot topary bir türkmen agzasynyň Horwatiýada tussag edilendigini aýdýar

Dünýä belli Pussy Riot feminist aýdym-saz toparynyň türkmen agzasy bolan Aýsoltan Nyýazowa Türkmenistanyň haýyşy esasynda horwat serhedinde polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Maglumata görä, Nyýazowa häzirki wagtda Türkmenistana ekstradisiýa edilmek howpy abanýar.

Horwat neşirleriniň Pussy Riot agzalaryna salgylanyp habar bermegine görä, Türkmenistan 2002-nji ýylda Interpola ýüz tutup, Aýsoltan Nyýazowany “gyzyl duýduryş” bilen gözlenýänleriň sanawyna goşupdyr.

Aýdylmagyna görä, Nyýazowa Türkmenistanda ýurduň Merkezi bankyndan millionlarça dollar pul ogurlamakda aýyplanýar.

Topar Nyýazowa bilidirilýän aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýar.
27 views09:18
Aç / Yorum Yap
2022-05-31 15:28:28
Türkmen resmileri täze metjitleriň gurluşyklary üçin ‘haýyr-sahawat’ toplaýar

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti ýurduň sebitlerinde bina ediljek täze metjitleriň gurluşyklaryna haýyr sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynda ýörite hasap açdy diýip, hökümetçi Turkmenportal.com neşiri döwlet mediasyna salgylanyp habar berýär.

Neşir haýyr-sahawat bank hasaplary baradaky maglumatyň metbugatda çap ediljekdigini aýdýar.

Maýyň başlarynda Türkmenistanyň hökümeti sebit ýaşaýjylaryndan gelen islegleri nazarda tutup, ýurduň bäş welaýatynda täze metjitleriň bina ediljekdigini yglan etdi.

Ýöne döwlet metbugaty gurulmagy meýilleşdirilýän ybadathanalaryň haýsy serişdeleriň hasabyna, Döwlet we Merkezleşdirilen býujetiň hasabynamy ýa-da ýerli býujetiň hasabyna guruljakdygyny aýdyňlaşdyrmady.

Munuň ya ýany, sebitlerde ýerli häkimiýetler metjitleriň gurluşyklary üçin ilatdan “haýyr-sahawat” pullaryny toplamaga girişdi.
104 views12:28
Aç / Yorum Yap
2022-05-31 15:27:51
Aşgabatda ozal petiklenen Russiýanyň kanallarynyň ýaýlymy täzeden ýola goýuldy.

Mundan öň, Türkmenistanda Russiýanyň Telewideniýe we radio boýunça döwlet kompaniýasyna (WGTRK) degişli ençeme, şol sanda “Rossiýa 1” we “Zwezda” kanallarynyň elýetersiz bolandygy barada maglumat berildi. Hususanda, Intelsat emeli hemra arkaly Türkmenistana ýaýlym beren WGTRK kanallary petiklenipdi.

Bu Moskwanyň Ukrainanyň gündogarynda alyp barýan urşunyň arasynda, Kremliň propogandasyny öňe sürýän rus kanallaryna girizilen sanksiýalaryň çäginde amal edilipdi. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, sebitlerde rus kanallarynyň ýaýlymy bölekleýin dikeldildi.
97 views12:27
Aç / Yorum Yap
2022-05-31 15:27:26
Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ulagy. Illýustrasiýa suraty.

Türkmen häkimiýetleriniň ýaşyl döwlet belgili awtoulaglara garşy alyp barýan kampaniýasy Lebap welaýatyna hem ýetdi. Mundan öň, Azatlygyň habarçylary Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) Aşgabatda we Balkanyň dolandyryş merkezi Balkanabatda ýaşyl döwlet belgili ulaglary köpçülikleýin saklap, jerime duralgasyna äkidýändigi barada habar beripdiler. Çeşmelerimiz şonda ýaşyl döwlet belgili ulaglaryň şu wagta çenli ýol polisiýasynyň "aýratyn eglişiginden" peýdalanyp gelendiklerini belläpdiler.

“Soňky günlerden bäri Lebapda ýol polisiýasy ýaşyl belgili ulaglary saklap, olary içgin barlaýar. Eger-de ulag döwlete däl-de, hususy kärhana degişli bolsa, ol dessine polisiýanyň jerime duralgasyna äkidilýär. Polisiýa sebäbini düşündirmeýär we bu hereketlerini delillendirip biljek hiç hili dokument hödürlemeýär. Türkmenabadyň jerime duralgasyna eýýäm onlarça ulag eltildi” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
95 views12:27
Aç / Yorum Yap
2022-05-30 14:57:36
COVID-19: Türkmenistan çäklendirmeleri ýatyrýar

Öz çäginde koronawirusyň bardygyny ykrar etmedik ýeke-täk ada bolmadyk döwleti Türkmenistan COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli girizen çäklendirmelerini kem-kemden aýyrýar we bu sapar daşary ýurtdan gelýänler üçin üç hepdelik karantini ýatyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de adaty halkara howa gatnawy henizem dikeldilmedi.

Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary komissiýasy daşary ýurtdan gaýdyp gelenler üçin hökmany karantin talaplaryny ýatyrýar diýip, garaşsyz neşir “Turkmen.news” habar berýär we resmi karara laýyklykda ýurda barýanlaryň öýünde ýedi gün izolýasiýa edilmelidigini, işewür syýahatçylaryň bolsa izolýasiýasynyň möhletiniň bolsa üç günlükdigini belleýär.
39 views11:57
Aç / Yorum Yap